DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

  • şu gün 13:51
  • 2.3k+

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra çykan toparçalar kesgitlenildi.

G toparça

Täze Zelandiýa — Belgiýa — 1:5

Kanadanyň Wankuwer şäherindäki «Bi-Si Pleýs» stadionynda geçirilen oýun belgiýalylaryň uly hasaply ýeňşi bilen tamamlanyp, olar garşydaşyny derbi-dagyn etdiler.

Oýnuň 28-nji minudynda «Arsenalyň» ýarym goragçysy Leandro Trossard hasaby açdy, 50-nji minutda bolsa ol Hans Wanakeň geçiren pasyndan soň özüniň ikinji goluny urdy. 66-njy minutda Kewin De Brýuýne («Napoli») hasaby 3:0-e ýetirdi.

Täze zelandiýaly Elaija Jast 84-nji minutda jogap goluny urmagy başardy, emma oýnuň ahyrynda Romelu Lukaku (86-njy minut, gol pasy Nikolýa Raskin) we Aleksis Salemakers (90+4-nji minut, gol pasy Lukaku) hasaby has-da artdyrdylar.

Belgiýa toparda birinji orny eýeläp, 1/16 finala çykdy, Täze Zelandiýa bolsa 1 utuk bilen çempionaty tamamlady.

Müsür — Eýran — 1:1

ABŞ-nyň Waşington ştatynyň Sietl şäherindäki «Lýumen Fild» stadionynda geçirilen örän dartgynly oýun deňlikde tamamlanyp, iki golam ilkinji 15 minudyň içinde salyndy.

Eýýäm 5-nji minutda Mahmud Saber Müsür toparyny öňe çykardy. 11-nji minutda eýranly Mehdi Taremi penalti gazandy, emma ony gol edip bilmedi — derwezeban topy öz çep burçundan gaýtardy. Şeýle-de bolsa, 3 minutdan soň Ramin Rezaýan topy örän dar burçdan derwezäniň ýokarky ramyndan girizip, hasaby deňledi.

Uzatma wagtda (90+3) emin Şoja Halilzadeniň Müsüriň derwezesine uran goluny ofsaýd sebäpli hasaba almady.

Oýnuň diýseň çekeleşikli geçendigini görkezilen 7 sany sary kart hem subut edýär. Müsür 5 utuk toplap, ikinji orun bilen pleý-off tapgyryna ýol aldy, Eýran (3 utuk) bolsa indiki tapgyra garaşmak umydynda galdy.

G toparçadaky jemleýji görkezijiler:

  1. Belgiýa — 5 utuk (gollar 6:2);
  2. Müsür — 5 utuk (gollar 5:3);
  3. Eýran — 3 utuk (gollar 3:3);
  4. Täze Zelandiýa — 1 utuk (gollar 4:10).

H toparça

Kabo-Werde — Saud Arabystany — 0:0

ABŞ-nyň Tehas ştatynyň Hýuston şäherindäki «En-Er-Ji» stadionynda ýygnanan 69 müňe golaý tomaşaça bu oýunda gol görmekden «ät galdy».

Kabo-Werdeniň futbolçylary oýunda az-kem artykmaçlyga eýe boldular we garşydaşyň derwezesine 15 zarba (2-si göni derweze sütünine) urdular, saudlylar bolsa muňa 7 zarba (3-si derweze sütünine tarap) bilen jogap berdiler. Derwezebanlaryň ynamly oýnamagy Kabo-Werde toparyna deňlik getirdi. Bu netije olara öz toparynda birjik-de utulman, ikinji orun bilen indiki tapgyra çykmaga mümkinçilik berdi.

Saud Arabystany (2 utuk) bolsa dünýä çempionatyndaky çykyşyny tamamlady.

Urugwaý — Ispaniýa — 0:1

Meksikanyň Zapopan şäherindäki «Akron» stadionynda geçirilen duşuşygyň ykbalyny oýnuň 42-nji minutynda Markos Lorenteniň pasyndan soň Aleks Baenanyň uran goly çözdi.

Birinji ýarymyň ahyrynda urugwaýly goragçy Manuel Ugarte şikes alyp, meýdançany zambilde terk etmeli boldy. Oýnuň 90+4-nji minutynda urugwaýly Agustin Kanobbio gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy.

Ispaniýa 7 utuk toplap, ynamly ýagdaýda 1/16 finala geçdi, Urugwaý bolsa 2 utuk bilen üçünji ýerde galdy we ýaryşdan çykdy.

H toparçadaky jemleýji görkezijiler:

  1. Ispaniýa — 7 utuk (gollar 5:0);
  2. Kabo-Werde — 3 utuk (gollar 2:2);
  3. Urugwaý — 2 utuk (gollar 3:4);
  4. Saud Arabystany — 2 utuk (gollar 1:5).

I topaça

Norwegiýa — Fransiýa — 1:4

Ýyldyz düzümlerinden ybarat Fransiýa, Foksboro şäherindäki «Jillett» stadionynda Erling Holandsyz oýnan Norwegiýany uly hasap bilen ýeňdi.

Oýnuň 7-nji we 20-nji minutlarynda Usman Dembele Mbappeniň paslaryndan soň iki gezek tapawutlandy. 21-nji minutda norwegiýaly Telo Osgor Andreas Şelderupyň pasyndan soň hasap tapawudyny azaltdy. Emma 32-nji minutda Dembele Aurelien Tçuameniniň pasyny gola öwrüp, hettrik etdi. «Altyn topuň» häzirki eýesi Dembele 7-nji we 32-nji minutlaryň aralygynda biri-birine meňzeş üç sany owadan gol urdy.

Futbolçy uran üçünji goly mynasybetli özüniň PSŽ-däki gürji klubdaşy Hwiça Kwarasheliýanyň stilinde şatlandy.

Ikinji taýmda norwegiýaly Ýorgen Strann Larsen penaltini gola öwrüp bilmedi. Oýnuň iň soňky nokadyny bolsa 90+4-nji minutda Bredli Barkolanyň pasyndan soň Dezire Due goýdy. Fransiýa topardan 100 göterimlik netije bilen çykdy.

Senegal — Yrak — 5:0

Kanadanyň Toronto şäherindäki «Bi-Em-O Fild» stadionynda Senegalyň futbolçylary Yragyň ýygyndysyny maý bermän ýeňdiler.

Habib Diarra 4-nji minutda hasaby açdy (gol pasy Abdulaýe Sek). 13-nji minutda yraklylar meýdançada bir oýunçy kem galdylar – Rebin Sulaka gyzyl kart aldy.

Ikinji ýarymda Senegal san taýdan artykmaçlygyndan doly peýdalandy: Ismaila Sarr (56-njy minut), Pap Geýe (59-njy we 71-nji minutlar) tapawutlandylar, oýuň iň soňky nokadyny bolsa 82-nji minutda hüjümçi Iliman Ndiaye goýdy.

Senegal garşydaşynyň derwezesine 28 zarba (12-si derwezä tarap) urdy, Yragyň derwezebany bolsa toparyny ýene 7 goldan halas etdi. Senegal 3 utuk bilen üçünji ýerde galdy.

I toparçadaky jemleýji görkezijiler:

  1. Fransiýa — 9 utuk (gollar 10:2);
  2. Norwegiýa — 6 utuk (gollar 8:7);
  3. Senegal — 3 utuk (gollar 8:6);
  4. Yrak — 0 utuk (gollar 1:12).

3-nji ýeri eýelän toparlaryň häzirki ýagdaýy (pleý-offa çykmaga dalaş edýän iň gowy 8 topar):

  1. Şwesiýa — 4 utuk (gollar 7:7);
  2. Ekwador — 4 utuk (gollar 2:2);
  3. Bosniýa we Gersegowina — 4 utuk (gollar 5:6);
  4. Paragwaý — 4 utuk (gollar 2:4);
  5. Senegal — 3 utuk (gollar 8:6);
  6. Eýran — 3 utuk (gollar 3:3);
  7. Günorta Koreýa — 3 utuk (gollar 2:3);
  8. Şotlandiýa — 3 utuk (gollar 1:4).

DÇ-2026-nyň häzirki wagtda iň köp gol uran top-10 oýunçysy (bombardirler):

Lionel Messi (Argentina) — 5 gol

Kilian Mbappe (Fransiýa) — 4 gol

Erling Holand (Norwegiýa) — 4 gol;

Winisius Žunior (Braziliýa) — 4 gol;

Usman Dembele (Fransiýa) — 4 gol;

Deniz Undaw (Germaniýa) — 3 gol;

Ýohan Manzambi (Şweýsariýa) — 3 gol;

Mateus Kunýa (Braziliýa) — 3 gol;

Jonatan Dewid (Kanada) — 3 gol;

Ismael Saýbari (Marokko) — 3 gol.

Toparçadaky 3-nji tapgyryň ýakyn wagtda geçiriljek oýunlarynyň tertibi

(ählisi 28-nji iýunda):

J toparça (başlanýan wagty 07:00): Iordaniýa – Argentina, Alžir – Awstriýa.

K toparça (04:30): Kongo DR – Özbegistan, Kolumbiýa – Portugaliýa.

L toparça (02:00): Horwatiýa – Gana, Panama – Angliýa.


düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......