Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

  • düýn 21:03
  • 9.2k+

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy.

«Bu guşmy? Uçarmy? Ýok, bu Londonyň asmanynda pelpelläp ýören Siraks» – diýip, kompaniýa özüniň X sosial torundaky sahypasynda ýazdy.

«Wales Online» portalynyň habar bermegine görä, agramy 13 kilogram, uzynlygy bolsa 8 metr bolan aždarhany Germaniýanyň Airstage awiasiýa kompaniýasy döretdi. Ol 23 sany hereketli bölekden ybarat bolup, onuň asmanda uçuşy ganatyna we aýaklaryna gurnalan perler arkaly üpjün edilýär. Aždarhany ýasamak üçin üç aý wagt sarp edildi.

Airstage-iň operasion direktory Nils Şlenter bu taslamanyň kompaniýanyň taryhyndaky iň çylşyrymlylaryň biri bolandygyny aýdýar. Ol birnäçe aýlap dowam eden barlaglardan we gurnamalardan soň, serialdaky Siraks atly aždarhanyň hereketlerini mümkingadar takyk gaýtalamak üçin 7-den gowrak synag uçuşynyň geçirilendigini belledi.

Siraksyň Britaniýanyň paýtagtynyň taryhy merkeziniň asmanynda peýda bolmagy, «Aždarhanyň öýi» serialynyň täze möwsüminiň çykmagyna gabatlanan iň iri mahabat çäreleriniň biri boldy.

«Aždarhanyň öýi» Jorj Martiniň kitaplaryna esaslanýan meşhur «Tagtlaryň oýny» serialynyň spin-offy we prikwelidir.


düýn 23:58
641

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
1k+

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....