Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

  • şu gün 14:57
  • 175

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler.

Hyzmatdaşlygyň çäginde studiýa «Google DeepMind» emeli aň barlag bölümi bilen bilelikde emeli aňyň mümkinçiliklerini öwrenmek we kino önümçiliginiň dürli tapgyrlarynda ulanyp boljak innowasion tehnologiýa gurallaryny döretmek ugrunda işlär.

Taraplar geleşigiň maliýe şertlerini resmi taýdan mälim etmeýärler. Şeýle-de bolsa, abraýly «The Wall Street Journal» neşiriniň maglumatyna görä, IT-korporasiýasy tarapyndan goýlan maýanyň möçberi 75 million dollar töweregi bolup biler.

Google üçin bu ädim taryhy öňegidişlik boldy. Korporasiýanyň sanly güýmenje industriýasynda öz hyzmatlaryny köpden bäri ösdürýändigine garamazdan, ol hereket edýän kino studiýasynyň paýyny ilkinji gezek satyn alýar.

«A24» üçin bu geleşik tehnologiýa ägirdiniň öňdebaryjy tehnologik çeşmelerine we hasaplaýyş kuwwatlyklaryna gönümel elýeterlilik açýar.


şu gün 08:26
3.2k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....