83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi.
Eminler geňeşine, mundan ozal hem habar berlişi ýaly, Meggi Jillenhol baştutanlyk eder. Onuň bilen bilelikde bäsleşik maksatnamasynyň filmlerine režissýorlar Kauter Ben Haniýa, Ksawýe Jannoli, Jonni To we Şarbanu Sadat, kompozitor Deniel Blumberg, şeýle hem Ýel uniwersitetiniň gumanitar ylymlar, kino we media barlaglary boýunça professory Françesko Kazetti baha berer.
83-nji Wenesiýa kinofestiwaly şu ýylyň 2-12-nji sentýabry aralygynda geçiriler.
