«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

  • şu gün 09:56
  • 471

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär.

Sýužetiň merkezinde Maşa we üç sany täze gahryman — Uly Aýy, Orta Aýy we Kiçi Aýy bolar. Awtorlar maşgala, ene-atalyk we çaga baradaky alada ýaly temalara ünsi çekmegi meýilleşdirýär.

Studiýanyň täjirçilik müdiri Magdalena Weremýugyň aýtmagyan görä, döredijiler Tylla saçly we üç aýy baradaky ertekiden, şeýle hem çagalary bilelikde terbiýelemek baradaky hekaýalardan ylham aldy. Birinji möwsüm çagany ýatyrmakdan başlap, durmuşy başdangeçirmelere çenli tanyş bolan gündelik ýagdaýlara bagyşlanar.

Taslama 21—27-nji iýun aralygynda geçiriljek Ansidäki Halkara animasiýa festiwalynda tanyşdyrylar. Ilkinji treýleriň güýzde görkezilmegine, serialyň premýerasyna bolsa 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda bolmagyna garaşylýar.

Ilkinji «Maşa we Aýy» multserialy 2009-njy ýyldan bäri çykyp gelýär we häzirki wagta çenli onuň dokuz möwsümi bar. Taslama 47 dile terjime edildi we YouTube platformasynda iň köp tomaşa edilen multfilm hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Mundan ozal, Netflix kompaniýasynyň «Maşa we Aýynyň» iki sany täze möwsümi üçin hukuk satyn alandygy we öňki bölümleri 100-den gowrak ýurtda görkezmek üçin ygtyýarnamanyň möhletini uzaldandygy belli boldy.


şu gün 09:53
342

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

düýn 11:26
2k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

düýn 11:13
3.9k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......

düýn 10:39
2.4k+

«Obsessiýa» gorkuly filmi prokatda $265 million toplady — ony düşürmek üçin bary-ýogy $750 müň çykypdy

«Obsessiýa» ("Обсессия") atly horror filminiň bäşinji hepdäniň jemleri boýunça dünýä prokatyndaky girdejisi 265 million dollara ýetdi. Film ABŞ-nyň prokatynda ikinji orny saklap, «Älemiň hökümdarlary»......