«Obsessiýa» gorkuly filmi prokatda $265 million toplady — ony düşürmek üçin bary-ýogy $750 müň çykypdy

  • şu gün 10:39
  • 793

«Obsessiýa» ("Обсессия") atly horror filminiň bäşinji hepdäniň jemleri boýunça dünýä prokatyndaky girdejisi 265 million dollara ýetdi. Film ABŞ-nyň prokatynda ikinji orny saklap, «Älemiň hökümdarlary» («Властелины вселенной») we «Gaty gorkunç kino 6» («Очень страшное кино 6») ýaly filmlerden öňe saýlanýar.

Filmiň býujeti bary-ýogy 750 müň dollara barabar. Şeýlelik bilen, film önümçilik çykdajylaryndan 350 esse köp girdeji gazandy. Ol eýýäm kino taryhyndaky iň köp girdeji getiren taslamalaryň sanawyna girdi.

Şeýle hem, kartina «Focus Features» kompaniýasynyň taryhyndaky iň köp girdeji getiren film derejesini has-da berkidýär.


Sýužet ýordumy Niki atly gyza jogapsyz aşyk bolan Bear atly ýaş ýigit barada gürrüň berýär. Onuň tapan jadyly taýagy islegini amala aşyrýar, şondan soň gyz oňa bolan söýgüsine «obsessiýa» (tutgaýlylyk) derejesinde berilýär. Kem-kemden onuň "söýgüsi" howply ýagdaýa öwrülip başlaýar.

Filmiň režissýory meşhur YouTube-bloger Karri Barker boldy. Film Barker we onuň toparynyň gymmat kinokameralardan hem-de äpet studiýa enjamlaryndan ýüz öwürmegi netijesinde şeýle arzana düşdi. Düşüriliş işlerinde aýnasyz ulanyjy fotoapparatlary we «Sony» kameralary ulanyldy.

Kartina pawilýonlary gymmat kärendä almazdan, hakyky öýlerde, dükanlarda we dostlarynyň öýlerinde düşürildi. Aktýorlar düzüminde gymmat bahaly Golliwud ýyldyzlary ýok, esasy rollary awtorlaryň özleri we olaryň dostlary ýerine ýetirdiler. Filmi düşürmek prosesi bary-ýogy 20 gün dowam etdi.

Häzirki wagtda ABŞ-nyň prokatynyň lideri Stiwen Spilbergiň täze ylmy-fantastiki çylşyrymly dramasy bolan «Paş edilme güni» (День разоблачения) bolup durýar. Ilkinji hepdäniň jemlerinde film 44 million dollar toplady, daşary ýurt bazarlary bolsa oňa ýene 48,9 million dollar getirdi. Bu täze film Spilbergiň filmleriniň arasynda iň gowy başlangyç görkezdi.


şu gün 11:26
383

"Iblis Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Iblis Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

şu gün 11:13
778

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......

13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......