Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

  • şu gün 12:14
  • 941

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin) oýny barada barýar.

Bu oýnuň bardygy barada ilkinji gezek birnäçe ýyl ozal mälim edilipdi, ýöne Embracer Group kompaniýasynyň maliýe kynçylyklary sebäpli ony işläp taýýarlamak prosesi togtadylypdy.

Indi bolsa oýnuň önümçiligine Ýaponiýanyň PlatinumGames studiýasynyň jogap berýändigi mälim edildi. Bu topar üçin Ninja pyşbagalary baradaky ilkinji taslama däl, sebäbi olar ozal Activision Blizzard kompaniýasynyň sargydy boýunça meşhur komiks esasynda oýun çykarypdy.

«Iň soňky Ronin» oýnunyň wakalary tüm garaňky Nýu-Ýork şäherinde bolup geçýär. Ol ýerde Ninja pyşbagalary we olaryň halypasy Splinter, Şredderiň agtygy hem-de sintetiki ninjalar (robotlar) tarapyndan öldürilýär. Ýöne Mikelanjelo diri galmagy başarýar we indi ol öz doganlarynyň aryny almak isleýär.

Bu oýnuň esasy konsepsiýasy Ninja pyşbagalarynyň asyl döredijileri Kewin Istmen we Piter Lerd tarapyndan entek 1987-nji ýylda oýlanyp tapylypdy. 2010-njy ýylda Istmen şol wagtlar çap edilmän galan komiksiň 12 sahypasyny tapýar, soňra bolsa täzelenen seriýa IDW Publishing kompaniýasy tarapyndan neşir edilýär.


11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.6k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....