«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

  • düýn 23:54
  • 286

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň «Facebook» sosial torunyň gizlin işi barada geçiren ylmy-žurnalistik derňewine bagyşlanýar.

Filmiň režissýory we ssenariçisi Aaron Sorkin boldy. Ol mundan ozal Dewid Finçer tarapyndan surata düşürilen «Sosial toruň» ssenarisini ýazypdy.

Sýužet «The Wall Street Journal» amerikan gazetiniň 2021-nji ýylda çap eden derňewine esaslanýar. Onuň awtory žurnalist Jeff Horwis boldy. Şol materiallarda sosial ulgamyň ýetginjeklere ýetirýän zyýanly täsiri, şeýle hem dünýäde galp maglumatlaryň ýaýramagynda nähili rol oýnaýandygy jikme-jik açylyp görkezilýär.

Sosial toruň esaslandyryjysy Mark Sukerbergiň keşbini «Mirasdüşerler» serialy boýunça tanalýan Jeremi Strong ýerine ýetirdi. Žurnalist Horwisi bolsa «Aýy» serialynyň ýyldyzy Jeremi Allen Waýt oýnady. «Anora» filminiň baş gahrymany Maýki Medison bolsa «Facebook» kompaniýasynyň içerki resminamalaryny žurnalistlere aýan eden öňki inžener Frensis Hageniň keşbinde peýda boldy.

«Sosial hasaplaşyk» filmi 9-njy oktýabrda amerikan prokatyna çykar.


10.06.2026 07:46
1.3k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

09.06.2026 08:41
1.5k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

08.06.2026 16:23
1.9k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......