"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

  • 09.06.2026 08:41
  • 1.6k+

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy.

«Deadline» neşiriniň maglumatlaryna görä, animasion lenta prokatyň onunjy hepde soňunda milliard dollarlyk sepgidi aşdy. Film bu netijäni 19-njy maýda onlaýn görkezilip başlanandygyna garamazdan gazandy.

Kassa ýygymlary boýunça film franşizanyň takmynan 1,36 milliard dollar gazanan birinji böleginden yza galýar. Iki filmiň üstünliginden soň, «Nintendo» kompaniýasy eýýäm üçünji bölümi işläp düzmäge başlady. Onuň görkezilişi 2029-njy ýyla meýilleşdirildi.

«Galaktiki kino-nyň» sýužeti «Super Mario» oýunlar seriýasynyň gahrymanlarynyň täze başdan geçirmeleri barada gürrüň berýär. Gahrymanlaryň esasy duşmany kakasyny azat etmek we patyşalygy basyp almak isleýän Bauzer-kiçi bolup çykyş edýär.


şu gün 12:00
811

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 10:12
924

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak bäsleşigi geçdi

«Minýonlar we nägehanlar» multfilminiň premýerasynda minýon dilinde aýdym aýtmak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýeňiji bolan gyz «Jackson 5» toparynyň «I'll Be There» aýdymyny ýerine ýetirdi....

27.06.2026 11:31
2.2k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2.2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......