Türkiýede bir aýal ýalňyşlyk bilen 1 kg altyny zibile zyňdy

  • düýn 20:02
  • 5.5k+

Türkiýäniň Bursa şäheriniň Ýyldyrym etrabynda ýaşaýan bir aýal içinde takmynan 133 müň dollar gymmatynda bir kilogram altynly poletilen torbany ýalňyşlyk bilen zibile oklady. CNN Türk-üň habar bermegine görä, maşgala bu gymmatbaha şaý-sepleri uzak wagtlap özlerine jaý satyn almak üçin ýygnapdyr.

Waka Esenewler mähellesinde bolup geçýär. Sedair Kurnaz atly raýat öý satyn almak üçin ýygnan bir kilogram altynyny birden ogurlanaýmasyn diýen gorky bilen, gara reňkli plastik torbada eşikleriň arasynda gizläp goýýar. Ýöne ol haçan-da, jaýyň eýesi bilen bahany ylalaşyp, puly bermek üçin öýe gelende, ýygnan zadyny goýan ýerinden tapmaýar.

Är-aýalyň gürrüňinden soň bolsa ajy hakykat – öý bikesiniň geçiren düýpli arassalaýyş işleri wagtynda altynly torbany adaty zibildir öýdüp, gapydaky zibil gutusyna oklandygy ýüze çykýar.

Bolan wakany bilen badyna Sedair Kurnaz töwerekdäki ähli zibil gutularyny barlamaga ylgaýar we ýagdaý barada polisiýa we ýerli häkimligiň arassaçylyk bölümine habar berýär. Häzirki wagtda sebitdäki wideogözegçilik kameralarynyň ýazgylary öwrenilip başlandy. Gözleg işlerine goňşular hem kömekleşýärler

– Men Akçalar mähellesinden jaý satyn aldym etdim, bahada-da ylalaşdyk. Onuň üçin 1 kilogram ýaly altynymy bolsa, torba salyp, ýygnap goýupdym. Aýalym arassaçylyk geçirýän wagty ony zibildir öýdüp zyňypdyr. Indi biz torba zibilçiler bilen gitdimi ýa-da zibil dörýänleriň eline düşdümi, bilemizok. Polisiýa we arassaçylyk müdiriýetine-de habar berdik. Töwerekdäki kameralaram barlanýar. Eger altyny tapan ýa-da gören bar bolsa, haýyş edýäris, biziň bilen habarlaşaýsynlar – diýip, Sedair žurnalistlere düşen ýagdaýlary hakda gürrüň berdi.

Türkiýäniň metbugaty ýurduň ýaşaýjylarynyň, köplenç öz durnukly serişdelerini banklarda däl-de, öýlerinde saklamagy göwnejaý görýändiklerini belleýär. Türkiýänyň Merkezi bankynyň çykaran netijelerine görä, ilatyň elinde saklaýan altynlarynyň umumy bahasy 600 milliard dollara ýetýär.


24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

01.06.2026 20:16
6.6k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

26.05.2026 12:36
3.1k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

13.05.2026 23:26
5.3k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....