Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

  • 01.06.2026 20:16
  • 6.5k+

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin täze dünýä rekordyny goýdy.

Öňki rekord 2025-nji ýylyň ýanwarynda Hindistanyň Ahmedabad şäherindäki Narendra Modi stadionynda 111 000 tomaşaçynyň öňünde çykyş eden britaniýaly Coldplay toparyna degişlidi.

West türk tomaşaçylaryna ýüzlenmek bilen: "Biz ähli döwürleriň iň köp tomaşaçyly stadion çykyşynyň rekordyny täzeledik!" - diýip yglan etdi.

Konsert onuň täze dünýä turunyň başyny başlady. Şüweleň NTRteam tarapyndan gurnaldy. Konserte diňe Türkiýeden däl, eýsem Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Niderlandlardan, Italiýadan, Russiýadan, Polşadan we Ýakyn Gündogardan hem janköýerler gatnaşdylar.

Stadion çykyşdan birnäçe sagat öň doldy. Iki sagada golaý dowam eden programma Father kompozisiýasy bilen başlandy we Stronger aýdymy bilen tamamlandy. Şeýle hem, aýdymlaryň sanawynda King, Runaway, Power, Flashing Lights, Heartless, All The Love we Homecoming aýdymlary bardy.

Şüweleňiň esasy aýratynlyklarynyň biri stadionyň merkezinde gurlan äpet uly sferiki sahnady. Proýeksiýa tehnologiýalarynyň kömegi bilen gurluş äpet uly globusa öwrüldi. Konsert yşyklandyryş effektleri, tüsse goýberiji gurluşlar we sinhronlaşdyrylan wizual proýeksiýalar bilen utgaşdy. Müňlerçe tomaşaçy arenany ykjam telefonyň çyralary bilen ýagtylandyrdy.

Myhmanlaryň köp gelmegi şäheriň ähli ýerinde metro hyzmatlarynda bökdençligiň döremegine sebäp boldy. Stansiýalarda we münüş-düşüş merkezlerinde uly märeke toplandy, stadionyň girelgesinde bolsa käbir tomaşaçylar petekleriniň QR kodlaryny skanirlänlerinde tehniki kynçylyklara duçar boldular.


düýn 21:09
671

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
3.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

18.06.2026 22:32
4.5k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......