Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan konsertinde mälim etdi.
Aýdymçy muşdaklaryna özüni «belli bir wagt görüp bilmejekdiklerini» duýdurdy.
«Bu meniň uzak wagtyň dowamynda şu ýerdäki iň soňky çykyşym bolar. Men konsert syýahaty tamamlanandan soň arakesme almagy we çagalarym üçin wagt sarp etmegi meýilleşdirýärin. Şonuň üçin, eger biz bir salym görüşmesek, sizi gowy görýändigimi biliň we geleniňiz üçin sagboluň» – diýip, Şiran aýdymlaryň arasynda mähellä ýüzlendi.
Ilki — atalyk borjy
Sazanda iki sany gyz perzendini terbiýeleýär: bäş ýaşly Lira we dört ýaşly Jupiter. Ol mundan ozal «Daily Star» neşirine beren interwýusynda ýene bir gyz çagasynyň bolmagyny isleýändigini boýun alypdy.
«Olar şeýle bir şadyýan, hatda käwagt gaharlanyp, gykylyk turuzsalar-da, bu hakyky duýgy! Gyzlarymyň ýaşy biri-birine ýakyn bolansoň, olar biri-birinden aýrylmaz. Olar bile wagty hemme ýer bulam-bujar bolýar, ýöne bu gowy, sebäbi olar bile oýnaýar, bile suwa düşýär we mekdebe bile gidýär» – diýip, sazanda gürrüň berdi.
Şiran maşgalasy bilen gezelenç edýän wagty muşdaklary bilen selfi düşmekden näme üçin ýüz öwürýändigini hem düşündirdi. Muňa geçmişdäki bir waka sebäp bolupdyr.
«Bir gezek men Lira bilen durkam, kimdir biri selfi düşmegi haýyş etdi we surata düşülýän wagty ol ýykyldy. Şonda men gyzlarymyň ýanyndakam diňe ata bolaryn diýen karara geldim. Şonuň üçin indi diňe "ýok" diýýärin. Adamlar, adatça, muňa düşünýär, ýöne käwagt gödek bolýanlar hem tapylýar. Ýöne kimdir biri üçin pop-ýyldyz bolmakdan, gyzlaryň üçin ata bolmak has möhümdir» – diýip, aýdymçy aýtdy.
Şiranyň häzirki konsert syýahaty 7-nji noýabra çenli dowam eder.
Ed Şiran üçin bu işdäki ilkinji arakesme däl: ol mundan öň 2015-nji ýylda aýdym-saz dünýäsinden doly gidipdi, soňra bolsa 2019—2021-nji ýyllar aralygynda sahnany ýene bir gezek terk etdi.
Spotify aýdym-saz platformasynyň maglumatlaryna görä, Ed Şiran aýda tas 86 million diňleýjisi bilen dünýäniň iň meşhur aýdymçylarynyň hataryna girýär. Onuň esasy hiti bolan «Shape of You» aýdymy häzire çenli, takmynan, 5 milliard gezek diňlenildi.
