Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

  • 06.06.2026 14:40
  • 2.7k+

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.

Dabarada türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösýändigi, muňa bolsa ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň we gatnaşyklaryň uly goşant goşýandygy aýratyn nygtaldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türki döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 12-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana amala aşyran iş saparyna aýratyn üns çekildi.

Dabaranyň resmi böleginden soň, iki ýurduň döredijilik toparlarynyň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly konsert boldy. Tomaşaçylaryň öňünde Fikret Amirow adyndaky Azerbaýjanyň Döwlet milli saz gurallary orkestri, Gara Garaýew adyndaky Döwlet kamera orkestri, Azerbaýjanyň döwlet tans toparynyň deprekçileri, şeýle hem aýdymçylar we tans toparlary özüniň ajaýyp çykyşlaryny görkezdi.

Azerbaýjanyň halk artisti Gülýanak Mamedowanyň we ýurdumyzyň «Näzli» tans toparynyň gyzlarynyň bilelikdäki çykyşy tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun we ruhubelentlik bilen garşylandy.

Medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly ýörite sergi açyldy. Bu ýerde Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň gymmatly hazynasyndan haly önümleri, şaý-sepler, keşdeçilik sungatynyň nusgalary, tahýalar başgaplar we milli nagyşlaryň görnüşleri köpçülige hödürlendi.

Mundan başga-da, paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda azerbaýjanly režissýorlaryň surata düşüren çeper filmleriniň görkezilişi guraldy.


düýn 20:34
899

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.5k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

22.06.2026 23:12
4.7k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.4k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......