Bakuwda Türkmenistanyň ilçisiniň Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi bilen duşuşygy boldy
14-nji noýabrda Türkmenistanyň ilçisi G.Elýasow Azerbaýjanyň Prezidentiniň kömekçisi, Prezidentiň Diwanynyň Daşary syýasat meseleleri boýunça bölüminiň müdiri Hikmet Hajiýew bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de geljegi barada giňişleýin pikir alyşdylar...