Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

  • 17.07.2025 13:22
  • 12k+

16-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana saparynyň çäklerinde “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow garşyladylar.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderine şekil taslamalarynyň üsti bilen agzalan dynç alyş toplumy barada maglumat berildi.
E.
Agalarowyň aýtmagyna görä, häzirki güne çenli "Sea Breeze" toplumynyň çäginde ýaşaýyş we söwda maksatly 3 million inedördül metrden gowrak emläk ulanylmaga berildi, 500-den gowrak desgalar guruldy. Sebitde takmynan 20 müň adam ýaşaýar.
Häzirki wagtda meýilnamada — meýdany 50 gektar bolan, ýarymaý görnüşindäki emeli ýarymadanyň döredilmegi we 2028-nji ýyla çenli toplumda ýaşaýjylaryň sanynyň 50 müňe ýetirilmegi bar. Taslamanyň ähli tapgyrlary amala aşyrylandan soň, "Sea Breeze" 500 müň ýaşaýjyny kabul edip biler.
Ýaşaýyş we dynç alyş üçin amatly şertleri üpjün etmek maksady bilen ösen infrastruktura döredildi: mekdep, çagalar bagy, hassahana, dynç alyş zolaklary, seýilgähler we kenar ýakasy guruldy. 10 million töweregi ösümlik we agaç ekildi. Ýaşyl zolaklaryň umumy meýdany 300 gektara ýetýär. Şol bir wagtda toplumyň umumy meýdany 500 gektary düzýär. "Sea Breeze-iň" esasy desgalary kenaryň ugrunda ýerleşýär.
Taslama goýlan umumy maýa goýumlarynyň möçberi 3 milliard dollara ýetdi. Indiki bäş ýylyň dowamynda goşmaça 10 milliard dollardan gowrak maýa goýum çekmek meýilleşdirilýär.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......