25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar boýunça ýörite wekili Wiktor Maýko bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar dürli ugurlardaky özara gatnaşyklary giňeltmegiň, şeýle hem halkara düzümleriň çäklerindäki bilelikdäki işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Gepleşikleriň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taraplaryň gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.