25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berýär.
Çärä Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, parlament deputatlary, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik we işewür toparlaryň wekilleri, şeýle-de ýapon ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdy.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow, Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň parlament işleri boýunça orunbasary Eri Arfiýa we Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň täze başlygy Şinpeý Matsuşita gutlag sözleri bilen çykyş etdi. Çykyşlarda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ýokary derejesi we Toşiaki Endonyň iki ýurduň arasyndaky döwletara we parlamentara hyzmatdaşlygyň ösmegine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Soňra Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan ilçi A.Baýramow Toşiaki Endo ýubileý medalyny, kümüş nyşany we degişli şahadatnamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
Sylaglama dabarasyndan soň, Toşiaki Endo öz işine berlen ýokary baha üçin Türkmenistanyň Hökümetine we ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge tagalla etjekdigini tassyklady.
