Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

  • düýn 23:05
  • 446

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk ilçiniň ýurtdaky diplomatik işini tamamlamagy bilen baglylykda guraldy diýip, DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Hususan-da, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

Iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gurallarynyň, şol sanda yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeleriň, degişli iş toparlarynyň netijeli işiniň, şeýle hem halkara guramalaryň çägindäki özara goldawlaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda R.Meredow Germaniýanyň ilçisine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde ilçi Bernd Haýns hem türkmen tarapyna diplomatik işini ýerine ýetiren döwründe görkezilen goldaw we netijeli hyzmatdaşlyk üçin çuňňur hoşallygyny beýan etdi.


düýn 16:45
725

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.5k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.3k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....