22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdy diýip, DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Ditmar Krissler bilelikde ýolbaşçylyk etdi we giriş sözi bilen çykyş etdi.
Taraplar özara gyzyklanma döredýän giň gerimli meseleler boýunça pikir alyşdy. Duşuşykda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, hukuk tertibini hem-de kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmak, gender deňligini üpjün etmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy adam hukuklary babatda milli maksatnamalaryň hem-de hereket meýilnamalarynyň durmuşa geçirilişi, hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, demokratik institutlaryň ösdürilmegi we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň berkidilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi.
Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri bolsa gatnaşyjylary 2026-njy ýylyň 5-nji martynda hödürlenen ÝB-niň gender deňligi babatdaky strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy. Olar deň hukuklary we mümkinçilikleri üpjün etmek boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmagyň möhümdigini aýratyn belledi.
Dialogyň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklaryna, şeýle hem özara hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgeleri esasynda konstruktiw hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bu ugurdaky dialogy yzygiderli dowam etdirmäge we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.