Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

  • düýn 19:20
  • 3k+

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar iki gullugyň arasynda migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Ähtnama gol çekdi.

Duşuşykda parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş hem-de halkara migrasiýa ulgamynyň geljegi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gol çekilen resminama degişli edaralaryň arasyndaky özara gatnaşyklary ösdürmegi, maglumat we tejribe alyşmagy, geňeşmeleri hem-de bilermenleriň duşuşyklaryny geçirmegi, şeýle hem hünärmenleriň arasyndaky hünär gatnaşyklaryny giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Taraplar bu Ähtnamanyň geljekki özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetini belläp, migrasiýa meseleleri boýunça bilelikdäki işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny mälim etdi.


düýn 22:17
784

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......