DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

  • şu gün 14:25
  • 2.4k+

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady.

K toparça

Portugaliýa — DR Kongo 1:1

Amerikanyň Hýuston şäherindäki «NRG Stadium» arenasynda Portugaliýanyň milli ýygyndysy Kongo Demokratik Respublikasynyň toparyny ýeňip bilmedi. Messiniň ajaýyp tomaşasyndan, şeýle hem Mbäppe we Hollandyň geçiren dubllaryndan soň, köp adam Kriştianu Ronaldudan hem şoňa meňzeş bir zada garaşdy. Üstesine-de, düzüminiň güýçlüligi sebäpli portugaliýalylar ýaryşyň esasy dalaşgärleriniň biri hasaplanýardy.

Oýun başdan tamany ödejege-de meňzedi. 6-njy minutda hasap açyldy: Žoau Neweş (oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi) Pedru Netunyň geçiren pökgüsini kellesi bilen derwezä girizdi. «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy bu oýny Germaniýa–Kýurasao duşuşygyna (7:1) dňeşdiribem başlady. Ýöne beýle bolmady... Birinji ýarymyň iň soňunda, 45+5-nji minutda kongolylar hasaby deňledi – Ýoan Wissa Artur Masuakuň pasyny kellesi bilen derwezä saldy.

Oýnuň ikinji ýarymynda Portugaliýanyň ýygyndysy ýeňiş gazanmaga berlen ajaýyp mümkinçilikleri sypdyrdy, Ronaldu bolsa iki sany gowy pursady netijeli ulanyp bilmedi. Umuman alanyňda, ýewropalylar derwezä dürs urgularyň sany boýunça garşydaşlaryndan yza galdylar (1–2).

Duşuşyk deňme-deň tamamlanyp, toparlaryň hersi bir utuk gazandylar.

Kolumbiýa — Özbegistan 3:1

Mehiko şäherindäki meşhur «Asteka» stadionynda geçen oýun başdan kolumbiýalylaryň elinde boldy. 40-njy minutda Daniýel Munýos Luis Diasyň ajaýyp pasyndan soň, topy derwezebanyň üstünden aşyryp, hasaby açdy.

Ikinji ýarym taryhy waka bilen ýatda galdy. 60-njy minutda burçdan berlen topy Eldor Şomurodow gönümel derwezä ýollady – kolumbiýalylaryň derwezebany pökgini gaýtardy, ýöne Abbosbek Faýzullaýew ilkinji bolup ýetişdi we topy kelle bilen tora saldy.

Bu gol Özbegistanyň milli ýygyndysynyň taryhynda Dünýä çempionatlaryndaky ilkinji goly boldy.

Myhmanlaryň şatlygy uzaga çekmedi. 65-nji minutda Luis Dias Şomurodowdan pökgini alyp, hüjüme geçdi we Gustawo Puerte bilen bolan paslaşygyň soňuny netijeli urgusy bilen tamamlady. Oýnuň soňky nokadyny goşmaça minutlarda çalşyga çykan Haminton Kampas goýdy.

Iňlis emin Entoni Teýloryň final jürlewügi Kolumbiýanyň 3:1 hasabyndaky ýeňşine kepil geçdi.

K toparçanyň ýagdaýy:

Kolumbiýa – 3 utuk;

DR Kongo – 1 utuk;

Portugaliýa – 1 utuk;

Özbegistan – 0 utuk.

Indiki tapgyrda:

Portugaliýa – Özbegistan (23-nji iýun, 22:00);

Kolumbiýa – DR Kongo (24-nji iýun, 07:00).

L toparça

Angliýa Horwatiýa 4:2.

Teksasdaky «AT&T» stadionyna ýygnanan 70 müňden gowrak tomaşaçy Angliýanyň Horwatiýany ýeňen netijeli oýnuna şaýat boldular.

Hasap 12-nji minutda horwat ýyldyzy Luka Modriçiň düzgüne garşy hereketi üçin bellenen penalti bilen açyldy. Derwezeban Harri Keýniň ilkinji synanyşygyny gaýtardy, ýöne baş emin onuň urgudan öň çyzykdan çykandygy sebäpli penaltini gaýtalatdy. Ikinji synanyşykda Keýn pökgini göni derwezäniň ýokarky çüňküne geçirdi. Horwatlar 36-njy minutda Martin Baturiniň tagallasy bilen hasaby deňlediler. 42-nji minutda Harri Keýn Deklan Raýsyň pasy bilen dubl etdi, ýöne arakesmäniň öňüsyrasynda (45+5) Petar Musa Iwan Perişiçiň pasyndan soň hasaby ýene-de deňledi.

Ikinji ýarymda iňlisler gara der bolup garşydaşyny ýeňdiler. 47-nji minutda birnäçe synanyşykdan soň, Jud Bellingem öz goluny geçirdi. 85-nji minutda meýdança çykan Markus Reşford Bukaýo Saka bilen garşylykdaky tiz wagtlyk hüjümi tamamlap, hasaby 4:2-ä üýtgetdi.

Gana — Panama 1:0

Kanadanyň Toronto şäherindäki «Bi-Em-O Fild» stadionynda geçen duşuşygyň ykbaly esasy wagta goşulan 5-nji minutda geçirilen ýeke-täk gol bilen çözüldi. Gananyň ýeňşini Brýandon Tomasyň pasyndan soň tapawutlanan Kaleb Ýirenki getirdi.

Oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip, «Mançester Siti» toparynda çykyş edýän 26 ýaşly ganaly Antuan Semenýo ykrar edildi. Geň galdyrýan ýeri, futbolçy netijeli hereketler bilen tapawutlanmady. Ol ne gol geçirdi, ne-de gol pasyny berdi, iň ýamanam, oýnuň dowamynda onuň derwezä ýollan iki urgusy-da nyşana degmedi.

Bu ýeňiş arkaly Gana ýaryşa üç utuk bilen başlady.

L toparçanyň ýagdaýy:

Angliýa 3 utuk;

Gana 3 utuk;

Panama 0 utuk;

Horwatiýa 0 utuk.

Indiki tapgyrda:

Angliýa Gana (24-nji iýun, 01:00);

Panama Horwatiýa (24-nji iýun, 04:00).

Ýakyn wagtda geçiriljek oýunlar

Ýaryşda toparçalaýyn tapgyryň ikinji döwresi başlanýar:

A toparça

Çehiýa Günorta Afrika (18-nji iýun, 21:00);

Meksika Günorta Koreýa (19-njy iýun, 06:00).

B toparça

Şweýsariýa Bosniýa we Gersegowina (19-njy iýun, 00:00),

Kanada Katar (19-njy iýun, 03:00).


şu gün 09:54
977

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

düýn 12:40
10k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

düýn 11:14
7k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......