Ak tamda UFC söweşleri geçiriler: ABŞ-da kazyýet ýaryşy makullady

  • şu gün 18:58
  • 1.5k+

ABŞ-da kazyýet Ak tamyň çäginde meýilleşdirilýän Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) tutluşyklaryny ýatyrmak baradaky şikaýat arzasyny ret edip, degişli çäräniň geçirilmegini makullady. Bu barada resminama salgylanyp, «RIA Nowosti» habar berýär.

Bu sport ýaryşy 14-nji iýunda geçiriler we ol 4-nji iýulda belleniljek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň döredilmeginiň 250 ýyllygyna bagyşlanar. Çäräniň geçirilýän güni bolsa ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň doglan gününe gabat gelýär, şol gün onuň ýaşy 80 dolýar. Public Integrity Project hukuk goraýjy guramasy iýun aýynda iki raýatyň adyndan ýaryşy ýatyrmak barada kazyýete şikaýat edipdi. Ol häkimiýetleriň bu çäräni Kongres bilen ylalaşman kanuny bozandyklaryny, şeýle hem şikaýatçylaryň «estetik duýgularyna» zyýan ýetirendigini öne sürüpdi.

«Şikaýatçylaryň wagtlaýyn gadaganlyk baradaky gyssagly haýyşnamasy ýa-da muňa alternatiwa hökmünde gyssagly deslapky kazyýet gadaganlygyny girizmek baradaky arzasy ret edilýär» – diýlip, resminamada aýdylýar.

15-nji iýunda geçiriljek ýaryşyň esasy duşuşygynda ýeňil agramda UFC-niň guşagynyň eýesi, asly gruziýaly bolan ispaniýaly söweşiji Iliýa Topuriýa amerikaly söweşiji Jastin Getjä garşy ilkinji titul goragyny geçirer.


şu gün 16:24
2.6k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

şu gün 12:21
1.4k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

07.06.2026 20:02
7.4k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

06.06.2026 11:31
3.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....