Serena Wilýams professional tennise dolanýar

  • 06.06.2026 11:31
  • 3.6k+

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy.

Bu ýaryş 8-nji we 14-nji iýun aralygynda Queen’s Club kortlarynda geçiriler. 44 ýaşly tennisçiniň ýaryşdaky ýoldaşy 19 ýaşly kanadaly Wiktoriýa Mboko bolar.

«Gowy habar çalt ýaýraýar. Queen’s Club — täze sahypany açmak üçin ajaýyp ýer. Otly kortda meniň möhüm we ýatda galyjy pursatlarym köp boldy, şonuň üçin sportumyzyň iň abraýly meýdançalarynyň birinde ýene-de korta çykmagyma örän şat» – diýip, Wilýams mälim etdi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda türgeniň Tennisde dogruçyllygy üpjün etmek boýunça halkara agentligiň (ITIA) doping-barlag sanawyna täzeden goşulandygy belli boldy. Resmi ýaryşlara gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin tennisçi bu sanawda azyndan alty aýlap durmaly.

Wilýams WTA ýaryşlaryndaky iň soňky duşuşygyny 2022-nji ýylda US Open ýaryşynda geçiripdi. Ol öz karýerasynyň dowamynda ýekelikde «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň 23-sinde ýeňiji boldy we 75 sany WTA titulyny gazandy.


22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
11k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......