Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy.
Bu asman jisimi 2003-nji ýylyň 10-njy martynda italiýaly astronomlar topary tarapyndan ýüze çykarylypdy. Asteroide ady dakmak başlangyjy bilen ony ilkinji bolup tapanlar Fabrisio Bernardi we Maura Tombelli çykyş etdi. Kiçi jisimleriň nomenklaturasy boýunça işçi topary bu teklibi makullady we asman jisimi resmi taýdan «(120097) Janniksinner» adyny aldy.
Astronomlaryň aýtmagyna görä, bu çözgüt diňe bir tennisçiniň sportdaky üstünlikleri bilen däl, eýsem onuň kortda we kortuň daşynda görkezýän ynsanperwer gymmatlyklary bilen hem baglanyşyklydyr.
24 ýaşly Sinner häzirki wagtda ATP reýtinginde birinji orunda durýar. Onuň hasabynda ýekelikdäki ýaryşlarda 29 sany ATP tituly, «Uly tuwulga» ýaryşlarynda dört ýeňiş we ATP-niň Jemleýji ýaryşynda gazanylan iki titul bar.