Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

  • şu gün 12:41
  • 797

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy.

Erkekleriň arasyndaky ýaryşda dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerew bäş set dowam eden oýunda italiýaly Flawio Kobollini 6:1, 4:6, 6:4, 6:7 (5:7), 6:1 hasabynda utdy.

Bu Zwerew üçin «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň finalyndaky dördünji synanyşygy boldy — ol mundan ozal «US Open» (2020), «Rolan Garros» (2024) we «Australian Open» (2025) ýaryşlarynyň aýgytly oýunlarynda utulypdy.

Gazanan ýeňşiniň netijesinde Zwerew soňky 30 ýylda «Uly tuwulga» ýaryşyny utan Germaniýanyň ilkinji wekili boldy – soňky gezek bu 1996-njy ýylda Australian Open-de Boris Bekkere başardypdy. Şeýle-de, Zwerew 1937-nji ýyldan bäri Fransiýanyň açyk çempionatynda ýeňiji bolan birinji nemes türgeni boldy.

Täzelenen dünýä reýtinginde Zwerew özüniň üçünji ornunda galar, Kobolli bolsa onunjy orna çykar.

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda 19 ýaşly Mirra Andreýewa (dünýä sanawynda 8-nji orun) dünýäniň 114-nji raketkasy polşaly Maýa Hwalinskany 6:3, 6:2 hasabynda utdy. Duşuşyk 1 sagat 23 minut dowam etdi.

Mirra öz karýerasynda ilkinji gezek «Uly tuwulga» ýaryşynyň finalynda oýnady.

Şeýlelikde, Andreýewa 2014-nji ýylda Mariýa Şarapowanyň gazanan üstünliginden soň, soňky 12 ýylyň dowamynda «Rolan Garros» ýaryşyny utan ilkinji russiýaly tennisçi boldy. Şeýle hem, öz hasabynda bäş sany WTA tituly bolan türgen XXI asyrda «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň iň ýaş çempionlarynyň sanawynda Mariýa Şarapowa we Emma Radukanuwdan soň üçünji orunda ýerleşdi.

«Rolan Garrosdaky» üstünlik Andreýewa WTA çempionlyk ýaryşynyň sanawynda birinji orna geçmäge mümkinçilik berer.


06.06.2026 11:31
3.2k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......