8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

  • 03.06.2026 17:49
  • 4.4k+

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn medala mynasyp boldy.

Bu ýaryşa 10 ýaşa çenli 96 oglan hem-de 96 gyz gatnaşdy. Alyhan Nurýagdyýew ýekelikde we jübütleýin görnüşde üstünlikli çykyş etdi.

Ýekelikdäki bäsleşikde 60-njy belgi bilen çykyş eden türkmen tennisçisi finala ýetip, Gazagystandan ýaryşyň bäşinji belgili gatnaşyjysy G.Istomini 4:1, 4:2 hasabynda utmagy başardy we ýeňiş gazandy.

Jübütleýin görnüşde bolsa Alyhan Nurýagdyýew Atyrauwdan gelen Nawid Sabyrow bilen bilelikde çykyş etdi. Tennisçiler bäsleşigiň ýeňijileri bolup, ýene-de bir altyn medaly öz hasabyna goşdy.

Aktobedäki ýaryş ýaş türgen üçin şeýle ýokary derejeli ilkinji halkara bäsleşigi boldy. Alyhan Nurýagdyýew Aşgabat şäherine wekilçilik edýär hem-de Ýuriý Rogusskin bilen Meýlis Orazmuhammedowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Şeýle hem ol A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumybilim berýän orta mekdebinde bilim alýar we okuwdaky üstünlikleri üçin minnetdarlyk haty bilen hem sylaglandy.

Ozal tennisçi Türkmenistanda sekiz ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen bäsleşikleriň hem baýrakly orunlaryny eýeläpdi. Gazagystandaky ýaryşda gazanan ýeňşi bolsa onuň ilkinji uly halkara üstünligidir.


düýn 22:55
4.2k+

Gazagystan figuralaýyn typmak boýunça iň iri ýaryşlaryň birini geçirmek hukugyny aldy

Astana şäheri taryhda ilkinji gezek figuralaýyn typmak boýunça Dört yklymyň çempionatyny kabul eder. Halkara konkide typyjylaryň birleşiginiň (ISU) beren maglumatyna görä, bu halkara ýaryş 2027-nji ýylyň......

düýn 17:52
4.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....