Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

  • şu gün 14:40
  • 716

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58 ýurdundan 454 sany türgen gatnaşar.

Bu ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 16 sany türgen wekilçilik eder. Toparyň düzümine 2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň gatnaşyjylary bolan Serdar Rahymow we Maýsa Pardaýewa hem girdi.

Ýygyndy toparyň doly düzümi aşakdakylardan ybarat:

  • Erkekler ýygyndysy: Mekan Remezanow we Ural Bagtyýarow (ikisi hem 60 kg çenli agramda), Serdar Rahymow (66 kg çenli), Meýlis Şamyradow we Ýolaman Amansähedow (73 kg çenli), Agajan Aýhanow we Batyr Merdanow (81 kg çenli), Ömürzak Halmüminow (90 kg çenli), şeýle hem Baýmyrat Majanow we Deňiz Karataýew (100 kg çenli).
  • Zenanlar ýygyndysy: Ejegyz Geldiýewa (48 kg çenli), Narjemal Ömirowa (52 kg çenli), Maýsa Pardaýewa we Medine Oraznyýazowa (57 kg çenli), Ýyldyz Myradowa we Oguljan Ruslanowa (70 kg çenli).


Ýaryşyň ähmiýeti we kwalifikasiýa düzgünleri

Mongoliýadaky ýaryşlar 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Oýunlara täze saýlama tapgyryny açýar. IJF World Tour ýaryşlaryndaky çykyşlar türgenlere dünýä reýtinginde utuk toplamaga mümkinçilik berýär: birinji orun üçin 1 000 utuk, ikinji orun üçin 700 utuk, üçünji orun üçin bolsa 500 utuk berilýär.

Her agram derejesinde dünýä reýtinginiň iň güýçli 18 türgeni Olimpiada göni gatnaşmak hukugyna eýe bolar. Şol bir wagtyň özünde, çäklendirme hem bar: her ýurt degişli agram derejesinde diňe bir wekili bäsleşige hödürläp biler. Galan orunlar bolsa kontinental kwotalar boýunça paýlanar.


düýn 13:03
14k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.4k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......