Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

  • şu gün 08:03
  • 448

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy.

Bütindünýä karate federasiýasynyň (WKF) howandarlygynda guralan bu ýaryşda dünýäniň 58 ýurdundan gelen 790 sany türgen 12 ýaşdan 20 ýaş aralygyndaky toparlarda medallar ugrunda bäsleşdi.

Türkmenistanyň Karatedo federasiýasynyň maglumatyna görä, bu ýaryşda ýurduň ýygyndy toparyna 4 sany türgen, 1 tälimçi we halkara derejeli 3 emin wekilçilik etdi.

Ýaryşyň netijeleri we türgenleriň görkezijileri şulardan ybarat boldy:

  • Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Raýan Gurbanmyradow ýetginjekleriň arasynda (16-17 ýaş) kumite görnüşi boýunça 55 kg çenli agramda altyn medal gazandy.
  • Aşgabat şäherindäki 61-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Alymuhammet Kakalyýew ýetginjekleriň arasynda (14-15 ýaş) şol ugur boýunça 57 kg çenli agramda bürünç baýragy eýelemegi başardy.

Türgenleriň ikisi hem Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 5-nji dan gara guşak eýesi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.

Ýeri gelende bellesek, bu üstünlik Alymuhammet Kakalyýew üçin ilkinji gezek däl. Ol 2024-nji ýylda hem 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda 55 kg agramda Fujeýrada (BAE) we La-Korunýada (Ispaniýa) geçirilen ýaryşlarda iki gezek hormat münberiniň üçünji basgançagyna göterilmegi başarypdy.

Mundan ozal, şu ýylyň fewral aýynda Aýdyň Çaryýewiň ýene bir şägirdi — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 16-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gurbannazar Amandurdyýew hem Fujeýrada (BAE) guralan «Karate-1 Ýaşlar ligasy» ýaryşynda ýetginjekleriň arasynda (16-17 ýaş) 55 kg agramda bürünç medaly eýeläpdi.


03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......