Awstriýada goýunlar üçin «sowut» ýasaldy: möjekden goranmagyň adatdan daşary usuly

  • 04.06.2026 01:26
  • 17k+

Awstriýanyň Karintiýa sebitiniň ýaşaýjysy goýunlar üçin daşy tikenli gorag lybasyny oýlap tapdy. Bu lybas böriler hüjüm edende malyň heläk bolmak howpuny azaltmalydyr. Emma bu oýlap tapyş haýwanlary goraýjylaryň we hünärmenleriň arasynda jedelleri döretdi.

Agrarheute neşiriniň berýän maglumatyna görä, bu taslamanyň awtory telekeçi we maldar Rudolf Şaubahdyr. Bu gurluş haýwanyň bedeniniň uly bölegini ýapýar we ýyrtyjylaryň hüjümine bökdençlik döretjek tikenler bilen enjamlaşdyrylypdyr.

Awstriýada öri meýdanlarynyň eýeleri sürini börilerden goramak meselesi bilen has ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarlar. Bu mesele ýyrtyjylaryň sanynyň yzygiderli artýan ýeri bolan Karintiýada aýratyn hem wajypdyr. Gorag haýatlaryny, çopan itlerini we beýleki gorag serişdelerini ulanmak uly çykdajylary talap edýär we üstesine hemişe garaşylýan netijäni-de bermeýär.

Oýlap tapyjynyň aýtmagyna görä, taslamanyň maksady öý haýwanlarynyň we börileriň tebigy gurşawda bilelikde ýaşap bilmek mümkinçiligine esaslanýar.

Şol bir wagtda, bu oýlap tapyş gözegçilik ediji edaralaryň hem ünsüni çekdi. Gurluşyň haýwanlary goramak baradaky kanunçylygy we oba hojalyk mallaryny saklamagyň talaplaryny bozan bolmak ähtimallygy boýunça derňew işi başlandy.

Muňa Wena haýwanlary goramak jemgyýetine gowşan şikaýat haty sebäp boldy. Hatda goýnuň böriden goranmak üçin tikenli gurluşyň içine salynandygy aýdylýardy. Şondan soň gurama bu gurluşyň haýwanlaryň saglygyna we ýagdaýyna ýetirip biljek täsirini barlamagy talap etdi.

Hünärmenler hem bu taslamanyň netijeliligine şübhe bildirdiler. Olaryň pikiriçe, şeýle lybas guzular emen wagty goşmaça kynçylyklary döredip biler. Şeýle hem, birnäçe tikeniň hüjüm edýän börini hakykatdan hem saklap biljekdigi sowal astynda galýar.


20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:05
2.8k+

Haýwanlaryň we adamlaryň aragatnaşygynda meňzeşlik ýüze çykaryldy

Ženewa uniwersitetiniň, Paster institutynyň we reConnect barlag merkeziniň alymlary haýwanlaryň köpüsiniň birmeňzeş depginde ses alyşýandygy baradaky netijä geldi. Ylmy işiň netijeleri «PLOS Biology»......

13.06.2026 08:06
2.3k+

Fransiýa ägirt uly tropik goraghanany döredýär. Onuň ähmiýeti näme?

Fransiýanyň häkimiýetleri bar bolan iki goraghanany giňeldip, ýene-de ýedi sany täze biologik goraghananyň döredilendigini mälim etdiler. Şunlukda jemi 157 müň gektar tokaý zolagy goşmaça goraga alyndy....