Bu üýtgewsiz düzgüne garşy! FIFA Trampa DÇ-2026-nyň ýeňijisine Dünýä kubogyny gowşurmaga rugsat berer

  • şu gün 09:46
  • 3.1k+

Halkara futbol federasiýasy ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň islegini ýerine düşürdi we oňa 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň jemleýji sylaglama dabarasynyň üýtgewsiz düzgünini bozmaga rugsat berdi. Bu barada talkSPORT neşiri habar berýär.

Ýola goýlan hemişelik kada görä, jemleýji duşuşyk tamamlanandan soň, ýaryşyň baş baýragy ýörite gurnalan sütüniň üstünde goýulýar. Ýeňiş gazanan toparyň kapitany Dünýä kubogyny şol ýerden özi almaly we bilelikde baýram etmek üçin ony ýoldaşlarynyň ýanyna münberiň üstüne äkitmeli. Emma bu gezek guramaçylar däbi üýtgederler. ABŞ-nyň prezidenti Dünýä kubogyny ilkinji bolup eline almaga we ony ýeňiji toparyň kapitanyna hut öz eli bilen gowşurmaga hukuk alar. Mundan başga-da, Tramp kubok ýokary galdyrylýan wagtynda meýdançada futbolçylar bilen bilelikde göni münberiň üstüne-de münüp biler.

Žurnalist Ben Jeýkobs bu başlangyjyň eýesiniň amerikan lideriniň özüdigini belleýär. FIFA-nyň ýolbaşçylary-da oňa garşy bolmady we üýtgeşmeleri öňünden tassyklady. Şunlukda olar baýramçylyk wagtynda münberiň üstüne münmelimi ýa-da beýleki resmi adamlar bilen bilelikde durmalymy, muny saýlamagy Trampyň özüne goýdy. «ABŞ-nyň Prezidentine FIFA-nyň ýeňiji bolan topara baýragy hut onuň özüniň gowşurmagyny isleýändigi eýýäm habar berildi» diýlip reportažda aýdylýar.

Tramp öňem 2025-nji ýylyň iýulynda klublar arasyndaky dünýä çempionatynda hem protokoldan çykypdy, şol ýaryşy-da ABŞ kabul edipdi. Şonda ol kubogy Londonyň «Çelsi» toparyna gowşurdy we FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň ony gapdala çykarmak üçin eden synanyşyklaryna garamazdan, münberiň üstünde oýunçylar bilen bilelikde ýeňşi baýram etmäge galdy. Mundan hem başga, talkSPORT-yň habar berşi ýaly, şol ýaryşyň hakyky kubogy ahyrynda Owal kabinete (Prezidentiň iş otagyna) äkidildi, kluba bolsa onuň ýasama nusgasy galdy.

talkSPORT Trampyň ýene-de şol ssenariýany, ýöne bu gezek  dünýäniň esasy futbol ýaryşynda gaýtalamak niýetine münendigini çaklaýar.

Dünýä birinjiliginiň jemleýji duşuşygy 19-njy iýulda Nýu-Ýorkda «Metlaýf» stadionynda geçiriler.


şu gün 12:40
1

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogollar...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
1.2k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
9.6k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....

15.06.2026 23:30
7.3k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......