Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar.
H toparçasy:
Ispaniýa — Kabo-Werde — 0:0
Duşuşyk Atlantada (ABŞ) «Mersedes-Bens Stedium» stadionynda geçdi. Ispanlar oýnuň hut başyndan garşydaşynyň üstüne hüjüm baryny ýadyrdylar. Duşuşygyň birinji ýarymy dolulygyna diýen ýaly, diňe bir derwezäniň öňünde geçdi. Ikinji ýarymda Kabo-Werdeniň ýygyndysyna-da gol urmak üçin mümkinçilik döredi, ýöne barybir oýun golsuz tamamlamaly boldy.
Bu häzirki ýaryşda hasaba alnan ilkinji nolly (0:0) deňme-deňlikdir. Ýewropanyň häzirki çempionlary garşydaşyň derwezesine tarap 27 sany urgy (7-si derweze sütüniniň arasyna) ýerine ýetirdiler, ýöne derwezäniň «gulpuny açmagy» başarmadylar.
Günüň gahrymany Kabo-Werdeniň ýygyndysynyň 40 ýaşly derwezebany Žozimar Wozinýa boldy. Ol derwezesini «abat» saklamagy başardy we oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi. Bu täsirli görkeziji sosial ulgamlarda hem uly gyzyklanma we şowhun döretdi. Şunlukda oýundan soň Wozinýanyň hasabyna ýazylan adamlaryň sany 50 müňden 5 million adama çenli ýokarlandy
Gyzykly ýeri, Ispaniýa ýygyndysynyň hüjümçisi Mikel Oýarsabal tutuş oýny meýdançada geçirdi, ýöne duşuşygyň ilkinji 30 minudynda bir gezegem topa aýagyny degrip görmedi. «Real Sosedad» toparynyň futbolçysy dünýä çempionatlarynda soňky 60 ýylyň içinde şeýle görkezijili ilkinji oýunçy boldy.
18 ýaşly hüjümçi Lamin Ýamal DÇ-daky debýut oýnuny geçirdi. Ol 71‑nji minutda Gawiniň ýerine meýdança girdi.
Saud Arabystany – Urugwaý –1:1.
Toparçanyň ikinji duşuşygy Maýamide «Hard Rok Stedium» stadionynda boldy. 41-nji minutda saudlylar hasaby açdylar. Burçdan berlen pasdan soň, topy öňüne gaýtaryp ýalňyşlyk goýberen urugwaýly derwezeban Fernando Musleranyň sypdyran topuna ilkinji bolup goragçy Abdulela Al-Amri ýetdi we ony derwezä girizdi
Urugwaýlylar hasaby diňe 80-nji minutda deňläp bildiler – ýarym goragçy Maksimiliano Arauho jerime meýdançasynyň içinden takyk urgy bilen hasaby deňledi. Şondan soň latynamerikaly ýygyndy ýene-de birnäçe howply pursat döretdi, ýöne Saud Arabystanynyň derwezebanynyň ýalňyşsyz oýny soňky deňme-deň netijäni saklap galdy.
H toparçadaky ýygyndylaryň dördüsi hem 1-nji tapgyrdan soň 1 utukdan topladylar.
2-nji tapgyryň tertibi:
Ispaniýa – Saud Arabystany (21-nji iýun, 21:00);
Urugwaý – Kabo-Werde (22-nji iýun, 03:00).
G toparçasy
Belgiýa – Müsür – 1:1.
G toparçasynyň açylyş oýny Sietlde «Lumen Fild» stadionynda geçdi. Dünýä birinjiliginde baryp, 1934-nji ýylda debýut eden müsürliler ýaryşyň taryhyndaky öňki 8 oýunda ýekeje-de ýeňiş gazanyp bilmändiler. Bu gezek welin, Afrikanyň ýedi gezek çempionlary taryhy waka gaty golaý geldiler. 19-njy minutda «Al-Ahli» toparynyň ýarym goragçysy Imam Aşur, Mohamed Salahyň wagtynda beren pasyndan soň, Tibo Kurtuanyň derwezesiniň aşaky burçuna daşyndan güýçli urgy urup, Müsüri öňe saýlady. 
66-nji minutda belgiýalylar Mohamed Haniniň awtogolunyň saýasynda hasaby deňlemegi başardylar, ol Toma Menýeniň gapdaldan beren pasyndan soň topy öz derwezesine gönükdirdi. Garşydaşa bolan basyşy mundan birnäçe sekunt öň ätiýaçlykdan meýdança giren Romelu Lukaku döretdi.
Eger top goragça degmän, göni derwezä giren bolsady, onda Lukaku meýdança ätiýaçlykdan gireninden soň, iň çalt gol salmak boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhy rekordyny-da döwüp bilerdi. Onuň meýdança girmegi bilen goluň salynmagynyň arasynda takmynan 10 sekunt wagt geçdi. Häzirki rekord urugwaýly Riçard Moralese degişlidir (2002-nji ýyl, 16 sekunt). Günüň öňüsyrasynda bu rekordy täzelemäge şwed oýunçysy Mattias Swanberg gaty golaý gelipdi, ýöne oňa bary-ýogy 2 sekunt ýetmändi.
Netijede, Müsür oýnuň ahyryna çenli deňme-deňligi saklady we öz taryhynda diňe üçünji gezek DÇ-de ýeňlişden gutulmagy başardy.
Eýran – Täze Zelandiýa – 2:2.
Oýun Los-Anjelesde «Sou-Faý Städium» meýdançasynda geçdi.
Täze zelandiýalylar Elaýja Jastyň takyk urgularynyň netijesinde (7-nji we 54-nji minutlarda) iki gezek öňe saýlandylar, şunlukda iki ýagdaýda hem oňa Kris Wud gol pasyny berdi.
Eýranlylar bolsa iki gezek hem hasaby deňlediler. 33-nji minutda Ramin Rezaeýan hasaby deňledi. 64-nji minutda bolsa ýarym goragçy Mohammad Mohebbi ýene-de Rezaeýanyň ýokardan göterip beren pasyny kellesi bilen urup, hasaby deňlemegi başardy.
Täze Zelandiýanyň ýygyndysy üçin bu deňme-deňlik dünýä çempionatlarynyň çäginde yzly-yzyna dördünji gezekkidir. 2010-njy ýylyň ýaryşynda hem olaryň oýunlarynyň üçüsi hem asuda gutarypdy.
G toparçadaky ähli toparlaryň 1-nji tapgyrdan soň beýlesinde 1 utuklary bar.
2-nji tapgyryň tertibi:
Belgiýa – Eýran (22-nji iýun, 00:00);
Täze Zelandiýa – Müsür (22-nji iýun, 06:00);
Golaýda boljak oýunlaryň bildirişi
Ýaryşa I we J toparçalary goşulýarlar. Esasy üns dünýäniň häzirki çempiony Argentinanyň ýygyndysynyň ilkinji oýnuna gönükdirilendir.
I toparça
Fransiýa – Senegal (17-nji iýun, 00:00). Aýratyn ünsi çekýän bellik: futbol janköýerleri DÇ–2002-ni häzirem ýatlaýarlar, şonda Fransiýa özüniň ilkinji oýnunda Senegala garşy oýnapdy we ol duşuşyk garaşylmadyk netije bilen tamamlanypdy.
Yrak– Norwegiýa (17-nji iýun, 03:00).
J toparçasy
Argentina –Alžir (17-nji iýun, 06:00);
Awstriýa – Iordaniýa (17-nji iýun, 09:00).








