Tailandda şa gyzy Pa 47 ýaşynda aradan çykdy

  • şu gün 08:04
  • 1.7k+

Tailandyň patyşasy Rama X-nyň uly gyzy, halk arasynda şa gyzy Pa hökmünde tanalýan şa gyzy Bajrakitiýabha Narendira Debýawati 47 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada patyşalyk köşgüniň metbugat gullugy habar berdi.

2022-nji ýylyň dekabr aýynda şa gyzy ýurduň milli seýilgähleriniň birine gezelenç wagty huşuny ýitirdi. Ony dikuçar arkaly Bangkok şäheriniň hassahanasyna eltdiler we ol ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde huşuna gelmän ýatdy.

Şa gyzy 1978-nji ýylyň 7-nji dekabrynda dünýä indi. Ol ABŞ-nyň Kornell uniwersitetinde ýokary bilim alandan soň, hukuk ylymlarynyň magistri we doktory derejelerini aldy we Tailandyň Baş prokuraturasynyň edarasynda prokuror bolup işledi. Şeýle hem ol 2012–2014-nji ýyllar aralygynda Awstriýadaky, Sloweniýadaky we Slowakiýadaky ilçi wezipelerini eýeledi.

BMG-niň Jenaýatçylygyň öňüni almak we jenaýat adalatlylygy boýunça komissiýasy 2017-nji ýylda ony Günorta-Gündogar Aziýada kanunyň hökmürowanlygy meseleleri boýunça hoşniýetli ilçi edip belledi. Mundan başga-da, ol tussaglykda oturan aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak ugrunda işjeň zähmet çekdi.

Şa gyzy Pa 2021-nji ýylda general adyny alyp, Patyşalyk howpsuzlyk serkerdeliginde wezipä bellenildi.

«Reuters» habarlar agentliginiň maglumatlaryna görä, şa gyzynyň aradan çykmagy sebäpli ýurtda milli matam yglan ediler.

Şa gyzy Pa patyşa Rama X-nyň tagta geçmäge hukugy bolan üç sany perzendiniň biridi. Häzirki wagtda patyşalyk tagtynyň mirasdüşeri Rama X-nyň üçünji nikasyndan bolan ogly — şazada Dipangkorn Rasmiçotidir.


22.03.2026 00:00
8.1k+

Tailandda resminamalaryna görä 126 ýaşyndaky aýal tapyldy

Tailandyň Lamphun welaýatynda dünýäniň iň garry zenanlarynyň biri tapyldy. Onuň dogluş hakyndaky şahadatnamasyna görä, Guýçe Çitsakunwat 1900-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda dünýä indi. Bu aýal Tailandyň demirgazygyndaky Çiangmaý şäheriniň golaýyndaky Nambonoý obasynda ýaşaýar...

25.10.2025 17:57
15k+

Tailanda şa ene Sirikit aradan çykdy: ýurtda bir ýyl matam yglan edildi

Tailandda 93 ýaşynda şa ene Sirikit aradan çykdy diýip, Associated Press agentligi habar berýär. Patyşa maşgalasynyň metbugat gullugynyň maglumatlaryna görä, ol Bangkokyň hassahanalarynyň birinde ýogaldy. 17-nji oktýabrda Sirikitde sepsis – ganyň zäherlenmegi ýüze çykdy, lukmanlar ähli tagallalara garamazdan, oňa garşy durup bilmedi...

07.12.2024 12:15
4.5k+

Taýlaryň tom-ýam çorbasy ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasyna öwrüldi

Taýlaryň däp bolan tom-ýam-kung çorbasy ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Naharyň sanawa goşulandygy barada Tailandyň Medeniýet ministri Sudawan Wangsuphakitkoson habar berdi. Ministriň...

14.06.2024 11:51
12k+

Tailandda ene pil sagdyn ekizleri dünýä inderdi. Bu diýseň seýrek hadysa

Bangkogyň demirgazygynda ýerleşen pilleriň Aýuthaýa köşgünde Jamjuri atly aziýaly ene pil iki sany sagdynja çaga pili dünýä inderdi. Sişenbe güni Phys.org neşiri agramy 80 kilograma barabar bolan ilkinji çaga piliň...