Tailandyň Lamphun welaýatynda dünýäniň iň garry zenanlarynyň biri tapyldy. Onuň dogluş hakyndaky şahadatnamasyna görä, Guýçe Çitsakunwat 1900-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda dünýä indi. Bu aýal Tailandyň demirgazygyndaky Çiangmaý şäheriniň golaýyndaky Nambonoý obasynda ýaşaýar. Onuň diňe karen halkynyň dilinde gepleýändigi sebäpli, düşünişmek birneme kynçylyk döredýär diýip, Tailandyň «Daily News» neşiri ýazýar.
Dogluş hakyndaky şahadatnamasy 2009-njy ýylda resmileşdirilipdir, emma doglan gününiň takyklygynyň barlanylandygy barada maglumat ýok. Guýçeniň bir çagasy bolup, ol hem 40 ýaşynda aradan çykan, emma häzirki wagtda onuň üç agtygy bar, olaryň iň ulusy 37 ýaşynda. Ol özüniň uzak ýaşamagynyň syryny wegetarian berhizi, ruhy amallar we tebigata bolan söýgüsi bilen düşündirýär.
Resmi maglumatlara görä, dünýäde iň uzak ýaşamagyň rekordy 122 ýyl we 164 gün ýaşan fransuz zenany Žanna Kalmana degişlidir. Emma bu rekord boýunça käbir şübheler bar (onuň gyzynyň köp ýyllap özüni enesiniň deregine görkezen bolmagy mümkin diýen çaklamalar bar), şonuň üçin resminamalar arkaly doly tassyklanan iň garry adam hökmünde 119 ýyl we 107 gün ýaşan ýapon zenany Kane Tanaka hasaplanylýar.
Lamphun welaýatynda Guýçeden başga-da 104 ýaşyndaky Južu Sudsoýdao atly garry adam hem tapyldy. Bu uzak ýaşaýanlaryň ikisiniň hem saglygy we ýatkeşligi gowy bolup, olar ýönekeý durmuşda ýaşaýar, wegetarian berhizini saklaýar we meditasiýa bilen meşgullanýar.
Sudsoýdao özüniň bäş çagasynyň, 14 agtygynyň we bir çowlugynyň bardygyny aýtdy. Onuň iň kiçi çagasy 45 ýaşynda, iň ulusy bolsa 56 ýaşyndadyr.
Häzirki wagtda dünýäde iň garry erkek diýlip braziliýaly Žuan Marinýo Neto hasaplanylýar, LongeviQuest maglumatlar bazasyna görä, 2026-njy ýylyň noýabrynda onuň 114 ýaşy dolar.