Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

  • şu gün 18:22
  • 1.3k+

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri üçin ýörite tomusky serwis kampaniýasyny geçirýär.

Aksiýanyň dowamynda müşderiler awtoulagy tomus möwsümine taýýarlamaga gönükdirilen birnäçe amatly tekliplerden peýdalanyp bilerler.

Hususan-da, Toyota we Lexus ulaglarynyň eýelerine şeýle hyzmatlar elýeterlidir:

  • Awtoulagyň 10 sany esasy ugur boýunça MUGT diagnostikasy;
  • Sowadyş ulgamyny (kondisioneri) ýörite serişdesi bilen arassalamak hyzmatyna 50% arzanladyş;
  • Indiki gezek 2026-njy ýylyň iýul-sentýabr aýlary aralygynda resmi serwis merkezine baranyňda ulanmak üçin 450 manat gymmatlygyndaky serwis arzanlaşygy.

Bu aksiýa ulag eýelerine awtoulagyň esasy ulgamlarynyň ýagdaýyny barlamaga, ony tomsuň yssysyna taýýarlamaga we gyzgyn howada durnukly ulanylyşy üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Toyota-nyň Türkmenistandaky resmi dilerleri — «Garagum Ulag» we «Beýik Ýüpek Ýoly» — möwsümleýin diagnostikadan öňünden geçmegi hem-de awtoulaga hyzmat etmegi resmi serwisiň hünärmenlerine ynanmagy maslahat berýärler.

Has giňişleýin maglumat almak we serwise ýazylmak üçin:

«Garagum Ulag»

  • Aşgabat ş., Oguzhan köçesi (Aýtakow), 7/A
    • Tel.: 43 70 57, +993 65 11 37 74
  • Balkanabat ş., M37 awtoýoly, 52-nji bina («Balkan Gaz Üpjünçilik» edarasynyň golaýynda)
    • Tel.: +993 62 87 05 55

«Beýik Ýüpek Ýoly»

  • Aşgabat ş., Hoja Ahmet Ýasawy köçesi, 39
    • Tel.: 76 10 42; 76 10 33/32

Aksiýa 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda maksatnama gatnaşýan ähli resmi Toyota serwis merkezlerinde hereket edýär.


şu gün 17:00
1.3k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
3.9k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.3k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 17:25
4.1k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......