«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

  • 25.05.2026 17:25
  • 4.2k+

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…) göni ýol açyp berýän we biznesi awtomatlaşdyrýan döwrebap B2B platformadyr.

«Birlik» Türkmenistanly öndürijileri, resmi dilerleri we distribýutorlary sanly witrinasynda öz ornuny eýelemäge çagyrýar.

Üpjün ediji «Birlige» birigip, näme gazanýar?

  • Akylly dolandyryş paneli: Üznüksiz jaň gelmesi bes ediler. Sargytlary bitewi interfeýsde, real wagt režiminde, açyk-aýdyň ýagdaýda kabul ediň hem-de düşünişmezlikleri aradan aýryň. Bary-ýogy dört jümle: Kabul edildi → Taýýarlanýar → Ýolda → Ýerine ýetirildi.
  • Sebitleýin targeting: Alyjylara diňe öz sebitlerine eltip berip boljak harytlar görünýär. Bu bolsa artykmaç sargytlaryň öňüni alýar, bulaşyklygy aradan aýyrýar we logistikany anyklaşdyrýar.
  • Bahalary çeýe dolandyrmak: Üpjün edijiler harytlarynyň bahalaryny özleri kesgitleýär we adaty bahany, lomaý bahany, aksiýalary we arzanladyşlary görkezip bilýär. Şeýle-de platforma logistika we ulag çykdajylaryny hasaba alyp, dürli welaýatlar üçin aýratyn bahalary görkezmäge mümkinçilik berýär.
  • Integrirlenen logistika ulgamy: Platformanyň özi eltip bermek hyzmatyny amala aşyrmaýar, ýöne sürüjileriňize kartany we taýýar marşrutlary görkezýär. Bu eltip bermek prosesini tizleşdirýär we ýalňyşlyklaryň öňüni alýar.
  • Çuňňur seljeriş (Analitika): Satuwlar hakda doly hasabat alyp bolýar. Sistema size haýsy harytlara has köp isleg bildirililýändigini we söwdany ösdürmek üçin ýene nirede has köp mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.

«Birlik» platformasyna baglanmak üçin näme etmeli?

Platformada haryt ýerleşdirmek mugtdyr. Söwdanyň aýdyňlygyny we adyl bäsdeşligi üpjün etmek maksady bilen, platforma diňe resmi üpjün edijiler bilen hyzmatdaşlyk edýär.

  1. «Birlik» programmasyny App Store ýa-da Google Play marketlerindenýükläp alyň.
  2. Gerekli maglumatlary girizip, hasaba alyş formasyny dolduryň.
  3. Tassyklamadan geçiň: operatorlar maglumatlaryňyzy barlap, profiliňizi tassyklamak üçin siziň bilen habarlaşar.

Öz katalogyňyzy giriziň, müşderiler we logistika meselelerini bitewi bir platformada dolandyryň.

«Birlik» — bazar siziň eliňizde!

Tel.: +993 71 753112

Email: birlikhyzmat@gmail.com

Saýt: https://birlik.com.tm


12.06.2026 18:22
10k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.6k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.2k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.6k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....