BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

  • 09.06.2026 15:05
  • 10k+

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň ýagdaýy has-da ýaramazlaşar. Şeýle netijä BMG-niň täze neşir edilen «Bütindünýä ummanynyň ýagdaýyna baha bermek» atly hasabatynyň awtorlary geldi.

1600 sahypalyk bu ylmy-gözleg işini dünýäniň 86 ýurdundan 550-ä golaý bilermen taýýarlady. Resminamada ummanyň Ýer şarynyň üstüniň 70 göteriminden gowragyny gurşap alýandygy, artykmaç ýylylygyň we bug gazlarynyň uly bölegini özüne siňdirýändigi, şeýle hem adamlary azyk önümleri, kislorod hem-de täze iş orunlary bilen üpjün edýändigi nygtalýar.

Ummana abanýan esasy howplaryň hatarynda klimatyň üýtgemegi, daşky gurşawyň hapalanmagy we deňiz serişdeleriniň hetdenaşa ulanylmagy görkezilýär. Hasabatdan alnan esasy maglumatlar şu aşakdakylardan ybarat:

  • Deňiz derejesi öňküsinden iki esse çalt ýokarlanýar. Buzluklaryň eremegi we suwuň ýylylyk taýdan giňelmegi sebäpli derejäniň galma tizligi ýylda 1,9 millimetrden (2015-nji ýyla çenli) 2023-nji ýylda ýylda 4,3 millimetre çenli ýokarlandy. 
  • Arktikada temperatura planetanyň umumy ortaça görkezijisinden dört esse çalt ýokarlanýar.
  • Gipoksiýa zolaklary (ýa-da «öli zolaklar»), ýagny kislorodyň derejesiniň örän pes bolmagy sebäpli deňiz jandarlarynyň köpüsiniň ýaşap bilmeýän ýerleri, häzirki wagtda eýýäm 4,5 million inedördül kilometr meýdany eýeleýär.

Her ýyl ummana, takmynan, 52 million tonna plastik galyndysy düşýär, suwda bolsa, takmynan, 24 trillion mikroplastik bölejikler bar. Korall rifleriniň, mangr tokaýlyklarynyň we beýleki wajyp ekoulgamlaryň azalmagy dowam edýär.

Hasabatyň awtorlary deňziň goralýan çäklerini giňeltmegi, zyňyndylary azaltmagy we tebigata gönükdirilen amatly çözgütleri ösdürmegi teklip edýär. Olaryň pikiriçe, öňde duran onýyllyk klimatyň durnuklylygyny, bioköpdürliligi we milliardlarça adamyň abadan durmuşyny saklap galmak üçin aýgytlaýjy tapgyr bolar.


şu gün 10:33
1k+

Taýwanda garpyz karnawaly geçirildi

Taýwanyň Szýadun şäherçesinde Aždarha gaýyklary baýramy mynasybetli garpyz karnawaly geçirildi. Ýerli ýaşaýjylar bu çäre üçin müňden gowrak garpyzy bezediler....

düýn 12:06
2.5k+

BMG sürüjisiz awtoulaglar üçin taryhda ilkinji halkara düzgünleri tassyklady 

Sürüjisiz ulaga çalt we köpçülikleýin geçmek baradaky on ýyl mundan ozal aýdylan çaklamalar heniz amala aşmady, ýöne bu pudagyň kadalaşdyryjy ulgamynda taryhy öwrülişik nokadyna ýetildi. Birleşen Milletler......

düýn 08:49
1.4k+

BMG 2027–2036-njy ýyllary Parahatçylygy pugtalandyrmagyň halkara onýyllygy diýip yglan etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy Täjigistanyň başlangyjy bilen hödürlenen rezolýusiýany kabul etdi. Bu resminama laýyklykda, 2027-nji ýyldan 2036-njy ýyla çenli bolan döwür geljekki nesilleriň hatyrasyna......

28.06.2026 23:47
3.8k+

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......