2k+

Raşid Meredow Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipleri hödürledi

23-nji ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşyda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.  Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti bilen bu guramanyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy...

824

Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) Ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen duşuşyk geçirdi. Myhman şu ýylyň 20 – 23-nji ýanwary aralygynda geçirilýän ýokary derejedäki SPECA hepdeliginiň çärelerine gatnaşmak üçin Aşgabada geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär...

12k+

BMG Mozambikde suw joşgunyndan 500 müň adamyň zyýan çekendigini habar berdi

500 müňden gowrak adam Mozambikdäki güýçli suw joşgunlarynyň netijesinde zyýan çekdi. Bu barada BMG-niň Baş sekretarynyň ynsanperwer meseleleri boýunça orunbasary Tom Fletçer X sosial ulgamynda habar berdi. BMG-niň maglumatlaryna görä, tebigy betbagtçylyk ýaşaýyş jaýlarynyň weýran bolmagyna, esasy ýollary suwuň basmagyna we lukmançylyk edaralaryna zyýan ýetmegine getirdi...

1.8k+

20-23-nji ýanwarda Aşgabatda SPECA hepdeligi geçirilýär

20-23-nji ýanwar aralygynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligi geçirilýär. Bu çäreler Türkmenistanyň 2025-nji ýylda maksatnama başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýar diýip, «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti belleýär...

3.8k+

BMG: Global JIÖ geljek iki ýylda pandemiýadan öňki görkezijä gaýdyp gelmez

Birleşen Milletler Guramasynyň hasabatyna görä, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşi 2025-nji ýyldaky 2,8%-den soň 2026-njy ýylda 2,7%-e çenli haýallar. Çaklamalara görä, 2027-nji ýylda ösüş 2,9% bolar, bu bolsa 2010 – 2019-njy ýyllar aralygyndaky ortaça 3,2% görkezijiden pesdir...

16k+

Tramp ABŞ-nyň 66 halkara guramadan çykýandygyny mälim etdi

Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň 66 halkara guramadan we edaradan çykmagy baradaky permana gol çekdi. Administrasiýanyň bellemegine görä, olar «indi ýurduň bähbitlerine laýyk gelmeýär». Bu barada Ak tamyň saýtynda habar berilýär...

3.9k+

BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan Aşgabatda Halkara forumda çykyş etdi. BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary çykyşynda bu halkara maslahatyň häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi...

3.7k+

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary: Türkmenistan halklary, ýurtlary we medeniýetleri baglanyşdyryp, parahatçylygyň ýollaryny giňeldýär

Aşgabatda geçirilen Halkara forum tejribe alyşmak, öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmak we parahatçylygy, durnuklylygy hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny öňe sürmek üçin aýratyn ähmiýete eýedir diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa forumda eden çykyşynda aýtdy...

2.9k+

Oguljahan Atabaýewa Awazada birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara forumyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi...

4.2k+

Awazada Türkmenistanyň we BMG-niň guramagynda häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň ornuna bagyşlanan halkara maslahat geçirildi

10-njy dekabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly halkara maslahat geçirildi...

8.8k+

Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli çäreler geçirildi

22-nji noýabrda Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi. Çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde guraldy...

3.1k+

BMGÖM Türkmenistana kliniki barlaghanalar üçin enjamlary we reaktiwleri getirdi

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (ÖM) Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirýän «Türkmenistanyň kliniki-barlaghana gullugyny güýçlendirmek» atly taslamanyň çäginde laboratoriýa enjamlarynyň, reaktiwleriň we sarp ediş serişdeleriniň nobatdaky tapgyryny Türkmenistana gowşurdy...

6k+

“Aşgabat” seýilgähinde Bütindünýä maýyplar güni mynasybetli festiwal geçiriler

15-nji noýabrda paýtagtymyzda “Aşgabat” seýilgähinde (1-nji park) her ýyl geçirilýän “Biz dürli. Biz deň” atly inklýuziw festiwal geçiriler. Çäre Bütindünýä maýyplar gününe bagyşlanyp, maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik durmuşyna doly gatnaşygyny hem-de deň mümkinçilikleri öňe sürmäge gönükdirilendir...

1.5k+

ÝUNESKO-nyň ýolbaşçysy wezipesine belli müsürşynas Haled al-Anani saýlandy

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) penşenbe güni Haled al-Ananini guramanyň täze baş direktory hökmünde tassyklady. ÝUNESKO-nyň habarynda aýdylmagyna görä, guramanyň Samarkantda geçirilen 43-nji Baş Konferensiýasynda al-Ananiniň dalaşgärligini 172 ýurt goldady, 2 ýurt garşy ses berdi, 1 ýurt bolsa saklandy...