BMG-niň Awazada geçirilen maslahaty dünýä metbugatynyň sahypalarynda şöhlelendirildi

  • 11.08.2025 15:22
  • 3k+

5 — 8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty üstünlikli geçirildi. Ol dünýäniň deňze göni çykalgasy bolmadyk 32 ýurdy üçin köpugurly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak babatda möhüm halkara meýdança bolup hyzmat etdi. BMG-niň ýurdumyzda geçirilen bu iri çäresi dünýä metbugatynyň sahypalarynda giňden şöhlelendirildi.

Maslahatyň dowamynda bu döwletleriň geljek on ýyl üçin ösüşiniň strategik ugruny kesgitleýän 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi hem-de Awaza syýasy Jarnamasy kabul edildi. Bu resminamalar DÇBÖBD-nä mahsus meseleleriň halkara ykrarnamasy bolmak bilen, infrastrukturany, söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge, howanyň üýtgemegine garşy durnuklylygy pugtalandyrmaga, maliýe serişdelerini herekete getirmäge gönükdirilen anyk çözgütleri teklip edýär.
Özbegistanyň “UZA” milli habarlar agentliginiň web saýtynda maslahatyň gün tertibine laýyklykda, özara ulag arabaglanyşygyny pugtalandyrmak we söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ykdysady özgertmeler, howanyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenilýär. Gazagystanyň “Kazinform” halkara habarlar agentliginiň habarlarynda nygtalyşy ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň düzümleýin we logistika meseleleriniň çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmak, şeýle-de olaryň ykdysady, üstaşyr mümkinçiliklerini açmak üçin ugurlary kesgitlemek maslahatyň esasy maksady boldy. “Foruma gatnaşyjylar hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugurlaryny, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ynsanperwer, ykdysady, durmuş we ekologiýa meselelerini çözmek boýunça toplumlaýyn çemeleşmeleri ara alyp maslahatlaşdylar. Maslahatyň jemleri boýunça hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we Ählumumy Günorta ýurtlarynyň durnukly ösüşi üçin şertleri döretmek üçin anyk meýilnama bolup durýan 2034-nji ýyla çenli Hereketleriň Awaza maksatnamasy yglan edildi” diýip, HHR-iň “Sinhua” habarlar agentligi ýazýar.
Türkiýäniň “Anadolu” agentliginiň ýaýradan maglumatlarynda bolsa hyzmatdaşlyklary giňeltmek, innowasion çözgütleri işläp taýýarlamak, strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, maýa goýumlary çekmek arkaly deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň mümkinçiliklerini açmaga ýardam bermegiň maslahatyň esasy maksady bolandygy bellenilýär.
“EU Reporter” neşiriniň habarynda bellenilişi ýaly, forumyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi tötänden däldir. Şunlukda, Türkmenistan öz geografik taýdan amatly ýerleşmegini ulag geçelgelerini we infrastruktura taslamalaryny ösdürmek arkaly strategik artykmaçlyga öwürmäge çalyşýar. Şeýle-de habarda “Türkmenistan Merkezi Aziýa, Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlarynyň arasynda köpri bolmak bilen, sebit arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda we durnukly ösüşi ilerletmekde möhüm orun eýeleýär” diýlip nygtalýar.

“Mir” DTRK-nyň hem-de “AzVision.az”-yň internet sahypalarynda: Bitaraplyk syýasatynyň Türkmenistana netijeli dialog üçin meýdança bolup çykyş etmäge mümkinçilik berýändigi bellenilýär. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady, durmuş we ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin amatly şertleri döredýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory Florens Bauer “News Central Asia” neşirine beren interwýusynda: “Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş ilaty bolup, ägirt uly demografik kuwwata eýedirler, bu bolsa bilime, saglygy goraýşa, zenanlaryň hukuklarynyň giňeldilmegine maýa goýumlary gönükdirilen ýagdaýynda ykdysady ösüş üçin giň mümkinçilikleri açýar” diýip nygtaýar. Neşiriň habarlarynyň birinde bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde zenanlaryň döwlet dolandyryşyna we ykdysadyýete gatnaşmagy barha işjeňleşýär.
“News Central Asia” neşirinde bu barada: “Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bu formaty eýýäm ýola goýuldy we döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli esasda dowam etmelidir diýip aýratyn nygtady” diýlip bellenilýär. Azerbaýjanyň “Azertag” döwlet habarlar agentliginiň beren maglumatlarynda bolsa: “Üçtaraplaýyn formatdaky ilkinji duşuşykda medeni-ynsanperwer we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ykdysady ulgamyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde ulag, logistika, energetika ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi” diýlip nygtalýar.
“AzVision.az” internet neşiriniň sahypalaryndaky habarlardan mälim bolşy ýaly, munuň özi Türkmenistanyň parahatçylygy, durnukly ösüşi we sebit integrasiýasyny ilerletmekde barha artýan ornuny tassyklaýar. “Awazanyň maslahatyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy Türkmenistanyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ösüşine ýardam etmek bilen halkara hyzmatdaşlygyň we dialogyň merkezi bolmaga çalyşýandygyny tassyklaýar” diýlip, “EU Reporter” neşiriniň web saýtynda nygtalýar.


şu gün 19:03
1.1k+

Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça ulaglaryň hereketi dolulygyny dikeldildi

Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Atamyrat Nyýazow we Arçabil şaýollarynyň çatrygynyň aralygyndaky ulaglaryň hereketi doly dikeldildi. Bu barada Aşgabat şäher häkimligi habar berýär. Öň, bu bölek 6-njy awgustdan başlap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk dabaralaryna taýýarlygyň çäklerinde giň möçberli abadanlaşdyryş işleri üçin bölekleýin ýapylypdy...

şu gün 18:56
513

Türkmenistan Astrahan bilen bilelikdäki ulag-logistika taslamalary maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wise-premýeri M.Çakyýew Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň çäginde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy...

şu gün 18:24
969

2026-njy ýylda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Türkmenistanda geçiriler

29-njy sentýabrda Minskide Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistandan wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow wekilçilik etdi. Mejlisde ykdysady...

şu gün 18:18
747

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonada ÝUNESKO-nyň MONDIACULT - 2025 maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Ispaniýanyň Barselona şäherinde ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahaty (MONDIACULT-2025) geçirilýär. 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda dowam edýän maslahatda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ýolbaşçylyk edýär...