Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

  • düýn 19:26
  • 1.1k+

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Ukraina tarapyna bolsa şol ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdy. Şertnamalaýyn-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga we daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Şeýle-de, gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdy we halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Syýasy geňeşmeleriň netijeleri boýunça taraplar özara bähbitli ugurlar boýunça türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassyklady.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.6k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......