24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew we Gazagystanyň premýer-ministriniň orunbasary, Hökümet Apparatynyň ýolbaşçysy Galymjan Koýşybaýew ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, nebit-gaz, oba hojalygy, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine seretdi. Özara bähbitli gatnaşyklar netijesinde söwda dolanyşygynyň durnukly ösýändigi we önüm üpjünçiliginiň möçberiniň ep-esli artýandygy bellenildi.
Hökümetara toparyň mejlisiniň çäklerinde geçirilen türkmen-gazak işewürler forumyna Türkmenistandan 40-a golaý öňdebaryjy kompaniýa, Gazagystandan bolsa işewürlik we ösüş institutlarynyň 100-den gowrak wekili gatnaşdy.
Forumda gazak tarapy maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk, farmasewtika we oba hojalygy pudaklarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ünsi çekdi. Türkmen işewürleri hem bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassyklady.
Çäräniň barşynda aşakdaky anyk ylalaşyklar gazanyldy we resminamalara gol çekildi:
- «QazTrade» Söwda syýasatyny ösdürmek merkezi» paýdarlar jemgyýeti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Memorandum;
- Elektron söwda ulgamynda Gazagystanyň «Silk Way Asia Trade» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketi bilen Türkmenistanyň «Hazar Logistik» hojalyk jemgyýeti we «Gamma» hususy kärhanasynyň arasynda şertnamalar;
- Maýa goýum-gurluşyk pudagynda «Ashra Solutions» TOO bilen «Ojar Aziýa» HK-nyň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşygy.
Gepleşikleriň netijesinde taraplar senagat kooperasiýasyny giňeltmegiň, sanly çözgütleri ornaşdyrmagyň we iki ýurduň işewürleriniň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtady.