23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
«Ertirki günümiziň mümkinçiliklerini giňeldýän geçiş» şygary astynda geçirilýän bu halkara çäre dünýäniň dürli künjeklerinden hökümet wekillerini, ösüş institutlarynyň hünärmenlerini hem-de halkara işewürlik ulgamynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Şeýle hem, 2026-njy ýyldaky forumyň guramaçylyk derejesi OPEK Halkara ösüş gaznasynyň döredilmeginiň 50 ýyllyk ýubileýine gabat geldi.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti tarapyndan birnäçe möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklar guraldy. Hususan-da, OPEK Halkara ösüş gaznasynyň Prezidenti doktor Abdulhamid Alhalifa, Abu-Dabi Ösüş gaznasynyň Baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi hem-de Türk Maýa goýum gaznasynyň Prezidenti Bagdad Amreýew bilen gepleşikler geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu abraýly foruma işjeň gatnaşmagy, ýurduň dünýäniň öňdebaryjy halkara maliýe edaralary we halkara ösüş institutlary bilen ýola goýan durnukly hem-de uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň aýdyň beýanydyr.