Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

  • şu gün 14:40
  • 658

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky duýduryş berdi.

Ýurduň Merkezi banky ýyllyk inflýasiýanyň 2,7 göterim boljakdygyny çaklaýar, bellenilen maksatnamada bolsa bu görkeziji 2 göterim bolmalydy.

Bu duýduryş Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň iş taşlaýyşlardan soň işgärlerine iri möçberli sylag pullaryny töleýändigini yglan etmeginden soň eşidildi.

Tölegleriň takyk möçberi resmi taýdan aýan edilmese-de, SK Hynix sentýabr aýynda öz operasion girdejisiniň 10 göterimini işgärlere sylag hökmünde bermegi borçnama edindi. Samsung hem ýarymgeçirijiler bölüminiň operasion girdejisiniň 10,5 göterimini sylag pullaryna gönükdirmegi kesgitledi.

Reuters agentliginiň çeşmesine görä, Samsung-yň ýarymgeçiriji önümçiliginde işleýän, ýyllyk esasy zähmet haky 80 million won (52 400 dollar) bolan işgärler hatary şu ýyl takmynan 626 million won (410 000 dollar) möçberinde sylag alar. SK Hynix ýyllyk 250 trillion won (163,7 milliard dollar) girdeji gazansa, işgärlerine beriljek tölegler 700 million wondan (454 851 dollar) hem geçip biler.

Koreýanyň Merkezi bankynyň wekilleri adaty ýagdaýlarda bir gezeklik bonuslaryň sarp edijilik islegine uly täsir etmeýändigini düşündirdiler. Emma tölegler «adatdan daşary we düýpli» ýokarlandyrylan ýagdaýynda, bu ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda hem zähmet haklarynyň ýokarlanmagyna getirip, hem isleg, hem-de üpjünçilik tarapyndan inflýasiýa basyşyny güýçlendirip biler.

Işewürler eýýäm IT pudagyndaky işgärleriň artan girdejilerine uýgunlaşyp başlady: Suwon şäherinde we uly söwda merkezleriniň gymmat bahaly harytlar bölümlerinde satuwyň kesgin artandygy bellige alyndy. Zawod işgärleri gymmat bahaly sagatlary, şaý-sepleri we dünýä belli brendleriň sumkalaryny satyn alýandyklaryny paýlaşýarlar. Samsung we SK Hynix kärhanalarynyň ýerleşýän Kýongi welaýatynda bank kartlary arkaly edilen çykdajylar sebitiň beýleki ýerlerine garanyňda has ýokary boldy.

Şu ýylyň maý aýynda Shinsegae söwda merkeziniň Kýongi welaýatyndaky bölümi kaşaň harytlaryň satuwynyň ýyllyk hasap bilen 53,6 göterim artandygyny habar berdi. Şaý-sepleriň satuwy 146,3 göterim, şweýsar sagatlarynyňky 85,3 göterim ýokarlandy, dükanyň umumy girdejisi bolsa 19 göterim artdy.

Koreýanyň söwda merkezlerini dolandyrýan kompaniýalarynyň paýnamalary hem ýokary galyp başlady. Meselem, Lotte Group ýylyň başyndan bäri 148 göterimden, Hyundai Department Store 120 göterimden we Shinsegae 190 göterimden gowrak gymmatlady.


düýn 16:02
1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.5k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

18.06.2026 22:09
1.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......