Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

  • şu gün 16:02
  • 485

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär.

Söwdalaryň netijeleri boýunça daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri döwlet kärhanalarynyň önümlerini satyn aldy. Olaryň hatarynda «Türkmennebit» döwlet konserninden suwuklandyrylan gaz we gidro usulda arassalanan dizel ýangyjy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserninden suwuklandyrylan gaz, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasy we motor ýagy bar.

Mundan başga-da, Türkiýäniň we Ukrainanyň telekeçilerine daşary ýurt puluna jins we trikotaž önümleri, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, bugdaý uny, pagta süýümi we nah ýüplük ýerlenildi. Söwdalaryň çäklerinde gazanylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmen işewürleri içerki bazar üçin uly möçberde önüm satyn aldy. Türkmenistanyň telekeçileri tarapyndan jemi bahasy 56 million 454 müň manada deň bolan pagta ýagy, nah ýüplük we pagta süýümi satyn alyndy.


20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 19:30
3.4k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......