Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

  • şu gün 08:13
  • 456

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. Degişli Perman TDH tarapyndan neşir edildi.

Diplomat öz işini Kuala-Lumpurdaky rezidensiýasyndan dowam etdirer.

Türkmenistan Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary bilen diplomatik hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Ilçini bellemek baradaky çözgüt Aşgabat bilen Bandar-Seri-Begawanyň arasynda söwda-ykdysady, maýa goýum we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilýän, şeýle hem Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň Assosiasiýasy (ASEAN) bilen özara gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylýan döwründe kabul edildi.

Ýatlap geçsek, 18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Aşgabada geldi.


şu gün 08:05
777

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
598

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
4.3k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....