Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

  • şu gün 18:14
  • 152

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak üçin Slowakiýa Respublikasynyň ykdysadyýet ministriniň orunbasary Wladimir Şimonýagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geldi.

Toparyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirildi. Taraplar bu gepleşikleriň ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrundaky ähmiýetini nygtady.

Mejlisiň dowamynda gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara gatnaşyklaryň geljegini we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Ýangyç-energetika toplumynda, gurluşykda, ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalarynda, oba hojalygynda, daşky gurşawy goramakda, saglygy goraýyşda, bilimde, medeniýetde, sportda we syýahatçylykda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Saparyň çäklerinde myhmanlar Aşgabat şäheriniň gözel ýerleri bilen tanyşdy. Olar «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna, Türkmen halysynyň milli muzeýine we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine baryp gördi.

18-nji iýunda mejlis öz işini dowam etdirdi. Onuň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekilmegine garaşylýar.


şu gün 12:31
2.6k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 10:26
440

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

şu gün 09:55
510

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
679

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......