Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

  • şu gün 10:26
  • 203

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen duşuşygy boldy.

Taraplar daşky gurşawy goramak, ekologik howpsuzlyk we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Myhmana Türkmenistanyň ekologiýa çäreleri baradaky döwlet syýasaty we ekologiýa diplomatiýasynyň netijeleri tanyşdyryldy.

Türkmen tarapy klimatyň üýtgemegi, metan zyňyndylaryny azaltmak, çölleşmäge garşy göreşmek we biologik dürlüligi gorap saklamak ugrunda alnyp barylýan işleri belledi. Şeýle hem tokaý zolaklaryny giňeltmegi göz önünde tutýan 2026—2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy görkezildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýurduň ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berdi.


düýn 11:17
2.8k+

Gazagystanda milli puluň üçünji görnüşi tassyklandy

Gazagystanda sanly teňňe üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady tassyklanylyp, ol nagt we nagt däl pullar bilen bir hatarda, milli puluň üçünji görnüşi hökmünde resmi taýdan ykrar edildi. Bu barada döwlet maliýesini......

düýn 09:41
2.4k+

Bloomberg: Dünýäniň iň baý 500 adamynyň baýlygy bir günde rekord $336 mlrd artdy

15-nji iýunda Nýu-Ýork gazna biržasyndaky söwdalaryň netijeleri boýunça dünýäniň iň baý 500 adamynyň şahsy baýlygy 336 milliard dollar artdy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli......

16.06.2026 12:54
4.9k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

15.06.2026 18:57
1.7k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....