15-nji iýunda Nýu-Ýork gazna biržasyndaky söwdalaryň netijeleri boýunça dünýäniň iň baý 500 adamynyň şahsy baýlygy 336 milliard dollar artdy. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, bu görkeziji degişli reýtingiň taryhynda iň uly bir günlük ösüş boldy.
Indekse girýän milliarderleriň umumy baýlygy 13,3 trillion dollara ýetdi.
Iň uly ösüş Ilon Maskda hasaba alyndy. Agentligiň maglumatlaryna görä, onuň baýlygy 10%-den gowrak ýokarlanyp, 1,27 trillion dollara ýetdi. Şonuň bilen bir wagtda, sanawyň ahyryndaky 12 adamyň hersiniň baýlygy 7,9 milliard dollara ýetdi, bu hem milliarderler indeksiniň bütin taryhynda iň ýokary görkezijidir.
Mundan ozal, 12-nji iýunda SpaceX kompaniýasynyň IPO-syndan soň, Mask dünýäde ilkinji trillioner bolupdy. «Forbes» žurnalynyň maglumatyna görä, şol pursat telekeçiniň baýlygy, takmynan, 1,1 trillion dollara, Bloomberg-iň çykaran bahasyna görä bolsa, tas 1,05 trillion dollara çenli artdy.