Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 413 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň hem-de Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar...