Türkmen biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini mälim etdi

  • 16.06.2025 18:06
  • 3.4k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 283 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 48-si hasaba alyndy. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah mata we nah ýüplük ýerlenildi.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin nebithimiýa önümlerini — polipropileni, binýatlyk ýagy, nebit koksuny we nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), şeýle hem ownuk däneli hlorly kalini, tehniki uglerody we ýody (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni) satyn aldylar. Mundan başga-da, buýan köküniň ekstrakty, nah ýüplük, aşgarlanmadyk mata hem-de jins matasy, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy 1 milliard 139 million manatdan gowrak boldy.


27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......