Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 862 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Ukrainanyň hem-de Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy we karbamidi satyn aldylar...